Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň girdejileri 8 milliard manat kemelýär

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisi (parlament) 2018-nji ýyl üçin döwlet býujetini kabul etdi. Bu barada TDH habar gullugy habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň döwlet býujetiniň girdejileri 95 508,5 million manada (döwlet kursynda $27,3 milliard ýa-da “gara bazar” kursunda $11,2 milliarda golaý) barabar.

Bu 2017-nji ýylyň döwlet býujetiniň girdejilerinden 8 milliard manat (döwlet kursunda $2,3 milliard ýa-da “gara bazar” kursunda $0,94 milliarda golaý) az.

Plana laýyklykda, ol 103 571,6 million manada barabar bolmalydy.

Türkmenistanyň mundan öňki birnäçe ýyldaky býujetleri defisitli (ýetmezçilikli) boldy we çykdajy harajatlary girdejilerden agdyk geldi.

Bu ýyl çykdajy harajatlary baradaky maglumatlar çap edilmedi.Döwlet habar gullugy diňe “çykdajylar hem şonça möçberde meýilleşdirilýär” diýmek bilen çäklendi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, geljek ýyl sosial pudagyň maliýeleşdirilmeginiň möçberi, ýurduň ilatynyň girdejilieriniň ösmeginiň we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynyň üpjün edilmeginiň hasabyna, döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75-80 prosentinden az bolmaly däl.

2018-nji ýylda şäher gurluşygy programmalaryna we Aşgabatda, “Awazada” hem welaýatlarda “sosial-medeni maksatly möhüm desgalara” “düýpli sermaýalary” ýatyrmak nazarda tutulýar.

2018-nji ýylyň býujetinden başga, mejlis “Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” hem karar kabul etdi. Emma, neşir bu barada hiç bir anyk maglumat bermeýär.

Ýatladýarys, HWF-nyň ekspertleri Türkmenistana noýabrda eden nobatdaky saparyndan soň, “döwlet inwestisiýalaryny düýpli kemeltmegi” maslahat berdiler.

Maliýe meseleleri boýunça ekspert Hudaýberdi Orazow “Türkmenistanyň Hronikasy” bilen söhbetdeşlikde dowlet inwestisiýalaryna sosial ýeňilliklerden başga dürli desgalaryň gurluşygyny hem goşdy we dürli ýeňillikleri ýatyrmak, býujet edarlaryndaky iş orunlaryny kemeltmek bilen çykdajy harajatlaryny azaltsalar-da, gurluşyklardan serişde tygşytlanmajakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Awazada bolsaňyz, hökman Soltan restoranyna baryp görüň
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Lukman agşamlyk nahardan ýüz öwürmegiň howpludygyny duýdurdy
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
Marsyň iň dury suraty düşürildi