Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 2025-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy üçin bije çekişlik boldy.

Bije çekişlige 43 ýygyndy gatnaşdy. Olar öz aralarynda 10 toparça bölündiler. Yklym çempionatynyň saýlama duşuşyklary şu ýylyň 19 ― 27-nji oktýabry aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy bije çekişligiň netijesinde D toparçanyň wekili boldy. Bu toparçada türkmen futbolçylaryndan başga-da, Taýlandyň, Hindistanyň we Bruneýiň ýygyndylary hem bar.

Saýlama duşuşyklaryň netijesinde 10 toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen 5-si yklym ýaryşynyň final bölegine gatnaşar. Aziýanyň kubogy geljek ýylyň 3-nji aprelinden 20-nji apreline çenli aralykda Saud Arabystanynda geçiriler.

Bije çekişligiň netijeleri:

A toparça: Eýran, Iordaniýa (Ýer eýesi ― geljekde ý.e.), Siriýa, Gonkong, Hytaý, KHDR;

B toparça: Owganystan, Bangladeş, Kamboja (ý.e.), Filippinler, Makau;

C toparça: Koreýa Respublikasy, Hytaý (ý.e.), Bahreýn, Butan, Maldiwler;

D toparça: Taýland (ý.e.), Hindistan, Bruneý, TÜRKMENISTAN;

E toparça: Özbegistan, Yrak, Taýwan (ý.e.), Palestina;

F toparça: Ýaponiýa, Katar (ý.e.), Mongoliýa, Nepal;

G toparça: Awstraliýa, Indoneziýa, Kuweýt (ý.e.), Demirgazyk Marian adalary;

I toparça: Ýemen, Wýetnam (ý.e.), Gyrgyzystan, Mýanma;

J toparça: Täjigistan, Oman, Singapur (ý.e.), Guam.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar
Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine bäşinji torbadan gatnaşar
Futzal boýunça Aziýa çempionatlarynyň taryhyndan
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi