
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary ş.) tarapyndan guralan we onlaýn-formatda geçirilen mehanika boýunça II Açyk olimpiadanyň netijeleri jemlendi.
Jemi 6 birinji, 9 ikinji we 14-üçünji ýerler berildi. Bäsleşigi guran okuw jaýynyň talyplary iki sany birinji orunlary eýeläp, onuň ýeňijileri boldular. Ýeňijileriň biri Ýazgeldi Goçmyradow hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy.
Türkmenistanyň oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş) wekilleri 2 birinji orny eýelemegi başardylar. Şeýle hem liderleriň hataryna Türkmenistanyň döwlet Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary girýär.
Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň 11-niň talyplary gatnaşdylar.