Türkmenistanlylaryň agyz suwy meselesi agyrlygyna galýar

Türkmenistanlylaryň agyz suwy meselesi agyrlygyna galýar

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty ýurduň regionlarynda, şol sanda gyrak-bujaklardaky oba-şäherçelerde hem ilaty agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny habar berýär.

“Türkmenportal” täzelikler neşiriniň tassyklamagyna görä, Köneürgenç etrabynda gurulýan täze şäherçe hem ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün ediler. Bu ýerde, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky milli programma esasynda, “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döwrebap suw üpjünçilik ulgamy gurulýar we eýýäm 15 kilometre golaý aralyga turba çekildi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýurduň diňe regionlarynda, oba ýerlerinde däl, eýsem paýtagt Aşgabatda hem agyz suwy bilen üpjünçiligiň örän ýaramaz bolmagynda galýandygyny gürrüň berýärler. Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, agyz suwy bilen üpjünçiligiň iň ýaramaz ýerleri Daşoguz we Balkan welaýatlary bolup durýar.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Daşoguz şäherinde agyz suwy ilata sagatlap, günde iki-üç gezek, örän çäkli ýagdaýda berilýär we suw bäş gatly jaýlaryň üçünji gatyndan ýokaryk kän çykmaýar. Şeýle-de Tuhbatullin suwuň hiliniň gowulaşmandygyny, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen suw tämizleýji zawodyň diňe belli bir wagtlarda işleýändigini aýtdy.

“Suw satyn almak üçin ol ýere baryp bolýar, ýogsa suw jaýlara çekilmelidi, emma beýle zat ýok, şol bir wagtda Daşogzuň köp köçesi gazylgylygyna , asfaltsyz-beýlekisiz ýatyr” diýip, huhuk goraýjy aýtdy.

Ýerli synçylaryň berýän maglumatlaryndan tapawutlylykda, resmi habarlarda Balkan welaýatynda hem ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin uly tagalla edilýändigi aýdylýar.Mysal üçin, resmi medianyň iýun aýynda beren maglumatyna görä, Esenguly etrabynyň Ekerem obasynyň golaýynda guruljak suw zawodlarynyň birinde bir gije-gündiziň dowamynda 50 müň kubmetr arassa suw işlenip taýýarlanylar; Hazar şäherinde guruljak beýleki zawodda bolsa, bir gije-gündiziň dowamynda 5 müň kubmetr arassa suw taýýarlanar.

Şeýle-de häzir ýurduň deňizýaka regionlarynda deňiz suwuny duzsuzlandyrýan birnäçe zawodyň işleýändigi, şol sanda Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda günde 50 müň kubmetr we Awazada 35 müň kubmetr arassa suw işläp çykarýan desganyň bardygy aýdylýar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatyna görä, Balkan welaýatynda ilatyň mugt berlen suw ýeňilliginden peýdalanyp bilýän bölegi hemişe juda azlygyna galdy we şäher jaýlaryna suw hemişe günde birnäçe gezek, çäkli wagtda berilýär. “Turbalardan günde diňe iki-üç sagat suw akansoň, olar poslaýar we suw gelende başda esli wagt posly suw akýar” diýip, ýagdaýy gözi bilen görenler gürrüň berýär.

Şol bir wagtda Türkmenistan sebitde suwy juda köp möçberde bisarpa ulanýan ýurt hökmünde tankyt edilýär. Oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Sapar Yklymowyň Azatlyk radiosyna beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň 22 milliard kub metr suw resursy bar, ol suwuň 85 prosenti goňşy ýurtlardan gelýär, 96 prosenti bolsa diňe oba hojalygynda ulanylýar.

“Ysraýyldan 13 esse kän suw resursymyz bar, olar bize 7-8 esse kän oba hojalyk önümini öndürýär” diýip, Yklymow Azatlyk radiosyna aýtdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Türkmenbaşy şäherindäki jaýlarda suw diňe öýlän sagat 18-den agşam 20.00-a çenli aralykda berilýär we adamlar bu agyr ýagdaý sebäpli öýleriniň ýanynda uly suw gaplaryny goýduryp, suw satyn almaga mejbur bolýarlar.Aýdylmagyna görä, adamlar bir maşyn suw üçin 100 manada çenli pul töleýärler.

Emma indi suw öňküleri ýaly mugt däl we ýurduň prezidenti golaýda ilat üçin berilýän ýeňillikleriň ählisini, şol sanda mugt suw üpjünçiligini ýatyrmaga çagyrdy.

Prezident Berdimuhamedow bu çagyryşyny ýeňillikleriň bazar ykdysadyýetine geçmäge päsgel berýändigini, ikinji tarapdan bolsa ilatyň indi durmuş, ýaşaýyş derejesiniň ösendigini aýdyp delillendirdi. Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryndan 2016-njy ýylda ulanylan suw üçin hem töleg talap edilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşiginiň Gyş kubogy 2023 ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Türkmen oba hojalyk instituty ýokary okuw mekdepleriň halkara reýtingine girdi
Prezident bilim resminamalaryny ykrar etmek hakynda buýruga gol çekdi. Diplom ykrar etdirmek agyr mesele bolmagynda galýar
Pakistanda we Owganystanda adam pidalaryna getiren ýer yranmasy Türkmenistanda hem duýuldy
Uly toýlar we 'dört tärime sygmaýan' durmuşyň jogapsyz soraglary