Türkmenistanlylary prezidentiň fransuzça çykan kitaby bilen tanyşdyrýarlar

Türkmenistanda prezidentiň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň fransuz dilinde çykan kitaby tanyşdyrylýar. Bu baradaky reportaž türkmen telewideniýesinde 31-nji awgustda görkezildi.

Şondan bir gün öň, 30-njy awgustda fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Cifal Žil Remi weVinci Alen Bonno Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň fransuz dilinde neşir edilen kitabyny sowgat berdiler.

“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen 40-dan gowrak kitabyň arasynda iň meşhury boldy.

Ol 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda jemgyýetçilige hödürlendi.Bu kitabyň ady 2018-nji ýylyň şygaryna öwrüldi, GDA-nyň, Ýewropanyň dürli ýurtlarynda we Saud Arabystanynda onuň prezentasiýalary geçirildi.

TDH habar gullugy 10-njy iýunda dynç alyşdaky prezidentiň bu kitabyň dowamyny ýazmaga başlandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

“Cifal” Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Cifal fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen täze bilelikdäki taslamalara gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy
Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy