Türkmenistanlylar urşa gatnaşmaz ýaly Russiýa goýberilmeýär

Türkmenistanlylar urşa gatnaşmaz ýaly Russiýa goýberilmeýär

Ýurdy terk etmäge çalyşýan türkmen raýatlarynyň islendik ýol bilen öňüni baglamak babatynda Türkmenistanyň güýç gurluşlaryna buýruk berildi.Azatlygyň çeşmelerine görä, Russiýa barýan ýaşlaryň islendik bahana bilen öňüni petiklemek babatynda polisiýa bölümlerine, migrasiýa gulluklaryna we Aşgabadyň howa menzilindäki serhetçilere görkezme berildi.

Bu, türkmen raýatlarynyň Ukraina garşy urşa gatnaşmaga çekilmegi boýunça tassyklanan hadysalar bilen baglanyşyklydyr.Biziň habarçymyz töleg we rus raýatlygy wadalarynyň öwezine urşa gitmek kararyna gelen bir türkmenistanly bilen gürrüňdeş bolmagy başardy.

Biziň habarçylarymyz ozal hemişelik ýaşamak üçin Russiýa göçmek isleýän köp sanly türkmenler barada habar berdiler.Ukraina garşy esassyz urşa girişen Russiýa öňki sowet respublikalarynyň raýatlaryna, urşa gatnaşmagyň öwezine, tizleşdirilen görnüşde rus raýatlygyny almak mümkinçiligini hödürleýär.

Azatlygyň güýç gurluşlaryndaky çeşmesine görä, sekiz ýyl çemesi wagt bäri durmuş-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galan türkmen raýatlarynyň arasynda bu teklipden peýdalanmak isleýän adamlaryň sany artýar.

“Bizde türkmen raýatlarynyň öz meýilleri bilen Ukrainadaky urşa gatnaşmaga çekilmegi boýunça tassyk bolan ýagdaýlar bar, ýagny biziň raýatlarymyz heniz Türkmenistanda wagtynda Russiýanyň tarapynda söweşe gitmek barada karar kabul edýärler. Hususan-da, Aşgabadyň howa menzilindäki polisiýa, migrasiýa we serhet gulluklaryna şeýle görkezme berildi” diýip, biziň çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, degişli buýruk azyndan geçen aýdan bäri hereket edýär. Bellesek, Aşgabat halkara howa menzili Türkmenistandan daşary ýurtlara howa ýoly bilen çykmagyň ýeke-täk çykalgasy bolup durýar.

Azatlygyň habarçysy rus raýatlygyny almak hem-de gowy girdeji gazanmak maksady bilen Ukrainada Russiýanyň tarapynda uruşmak kararyna gelen bir türkmenistanly bilen gürrüňdeş bolmagy başardy. Orta ýaşly öňki harby serkerde özüniň birnäçe öňki işdeşleriniň hem rus urşuna gatnaşmak isleýändigini öňe sürýär.

“Biz birnäçe adam. Käbirleri eýýäm zatlaryny hem satyn aldy. Häzir ýola pul ýygnaýarys. Aşgabatdan we Çärjewden bolan birnäçe adam eýýäm ol ýerde gulluk edýärler. Biz başga näme edip bileris? Pul ýok, iş ýok. Biz we maşgalalarymyz nähili hem bolsa güzeran aýlamaly” diýip, söhbetdeş aýtdy.

Russiýanyň Ukrainada girişen urşunda, iki tarapdan hem urşa gatnaşýan türkmenistanlylar barada, ozal hem habarlar peýda bolupdy.

Türkmen syýasy analitigi Serdar Aýtakow heniz türkmenistanlylaryň köpçülikleýin häsiýetde urşa gatnaşmagy bolup geçmeýän-de bolsa, bu ýagdaýlaryň indi iki-ýeke däldigini belleýär.

“Adamlar urşa gatnaşmagyň töleg möçberleri, kabul ediş ýerleri, dynç alyş mümkinçilikleri we beýleki jikme-jiklikler barada maglumat paýlaşýarlar.Men hemme zady rus propagandasynyň we agitasiýa işleriniň üstüne atmazdym, ýöne bular hem rol oýnaýar.

Bu, megerem, hem uruş propagandasynyň täsiri bilen, hem Türkmenistanyň öz içinde perspektiwalaryň düýbünden bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr.Işjeň, girişegen, häzir aýdyşlary ýaly, döredijilikli adamlar durmuşda köplenç öz orunlaryny tapyp bilmeýärler, özlerini zerur duýmaýarlar, hatda aram hünärlere eýe bolanlarynda hem, iş tapmak we käriňde ösmek tas mümkin däl.

Türkmenleriň kadr gorlarynyň guramaçylygy hem-de döwlet diwanynyň işgärler ulgamy şeýle guramalaşdyrylýar, ýagny aşa işjeň adamlar gerek däl, akylly we döredijilikli adamlar hem gerek däl, esasan, tertip-düzgün, tanyşlyk we bütinleý wepadarlyk gymmatly görülýär” diýip, Aýtakow aýtdy.

Bellesek, Azatlyk soňky birnäçe aýyň dowamynda türkmen raýatlarynyň, aýratyn-da, ýaş erkek raýatlaryň Moskwa barýan uçar gatnawlaryna goýberilmezligi barada habar berip gelýär.

Geçen aý Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitiň migrasiýa edarasynda daşary ýurt pasportyna ýüz tutýan raýatlaryň sanynyň günsaýyn köpelýändigini habar berdi. Olaryň aglabasy Kreml tarapyndan hödürlenýän aňsatlaşdyrylan prosedura bilen raýatlyk almaga höweslenip, Russiýa göçmäge niýet edýärler.

“20 ýyllap hökümetde işledim. Para we adalatsyzlykdan ýadadym. Putiniň çeken kanuny esasynda, ýeňilleşdirilen prosedura boýunça raýatlyk alyp bolýar. Meniň aladam çagalarymyň geljegi” diýip, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşi rus prezidenti Wladimir Putiniň “ruslaryň däp bolan ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýe bolan” daşary ýurtlulara “ynsanperwer goldaw” bermek barada gol çeken kararyna salgylanýar.Putiniň karary ýörite bir auditoriýa, gatlaga, ýagny öz ýurtlarynda “ýykgynçylykly neoliberal taglymat ýörelgeleriniň” ileri sürülmegi bilen ylalaşmaýan daşary ýurtlaryna gönükdirilýär, ýöne onsuz hem, bu resminama we Kremliň soňky ýyllardaky umumy syýasaty Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň raýatlary üçin, Russiýany özüne çekiji etdi.

Lebaply ýaşaýjynyň aýdyşy ýaly, bu sebitde daşary ýurt pasportlarynyň nobatyna garaşýan adamlar “Putiniň soňky kararyny ara alyp maslahatlaşýarlar we özleriniň Türkmenistany hemişelik terk etmäge taýýardyklaryny” aýdýarlar.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugyna görä, 2023-nji ýylda Russiýa giren türkmen raýatlarynyň sany öňki ýyl bilen deňeşdirilende 9,5 esse artdy.

Türkmen syýasy analitigine görä, Putin Russiýasynyň hödürleýän “düşewüntli gazanç” hem-de, soňy bilen, raýatlyk almak mümkinçilikleri öz ýurdunda agyr durmuş-ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän türkmenistanlylaryň uruşda öldürilmek töwekgelçiliginden has agramly ýaly bolup görünýär.

Harby hereketlere gatnaşmak arkaly ep-esli gazanç etmek mümkinçiligi möhüm, ýöne aýgytly faktor däl. Urşa gatnaşmak boýunça şertnama esasynda hödürlenýän tölegler, üstesine Russiýada ýaşaýyş rugsadyny hem-de soňy bilen raýatlyk almak boýunça berilýän wadalar, Türkmenistan üçin, hakykatdan-da derwaýys” diýip, türkmen syýasy analitigi Serdar Aýtakow aýtdy.

Bu material çapa taýýarlanýan wagtynda, turkmen.news neşiri hem ýaş türkmen raýatlaryny Russiýa gitmekden saklamak boýunça berlen buýruk barada habar berdi. Neşiriň çeşmeleri hem ýaş raýatlaryň Russiýa gitmeginiň düýbünden öňüni almak barada, “ýokardan” berlen buýrugyň bardygyny aýdýarlar, hamala, olar ol ýerden Ukrainadaky urşa gidýärler, ýa-da ýurtda işlemek üçin bikanun galýarlar.

Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biri bolanlygy sebäpli, howpsuzlyk gulluklaryndan ýa-da beýleki edaralardan teswir alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Diňle: 'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
Aklanan Hojanepes Çaryýew näme üçin ýatlanmaýar?