Türkmenistanlylar öz gazanjyny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler

Türkmenistanlylar öz gazanjyny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler

Nagt däl hasaplaşygyň kadaly ýöremeýän ýurdunda bankomatlardan pul çekmek kynlygyna galýar. Mary welaýatynda şu günler bankomatlarda ýeterlik nagt pul tapdyrmaýar. Pully bankomatlaryň öňünde uly nobatlar döredi. Bu ýagdaýda ýaşaýjylar bank hasaplaryna geçýän aýlyklaryny we pensiýalaryny ulanmakdan mahrum bolýarlar, sebäbi nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiligi örän seýrek duş gelýär.

Mary welaýatynda plastik kartlardan hususy dükanlarda we bazarlarda azyk önümlerini, elektronika harytlaryny, gurluşyk materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny, egin-eşigi satyn almak üçin peýdalanyp bolmaýar. Hatda hyzmat pudagynda, şol sanda dellekhanalarda plastik kartlar bilen töläp bolmaýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün Maryda plastik kartlary bilen ýangyç beketlerinde dizel we benzin guýup bolýar. Käbir döwlet dükanlarynda söwda edip bolýar, emma alyjylardan harytlaryň diňe bir bölegine kart bilen töläp, galanlaryny nagt görnüşde tölemek talap edilýär. Şeýle-de uly supermarketlerde töläp bolýar, emma nagt däl görnüşli töleg üçin alyjydan goşmaça pul tutulýar.

"Munuň tutumy bar, ýagny 200 manatlyk söwda etsek kartdan 15-20 manat artyk pul çekilýär. Söwdagärler muny bankdan puly nagtlaşdyrmak üçin tutulýan goşmaça çykdjy bilen düşündirýärler" diýip, maryly çeşme aýdýar.

Hususy söwda nokatlarynyň köpüsi öz harytlaryny nagt däl görnüşde satmakdan boýun gaçyrmagynyň sebäplerini soň öz hasabyndaky girdejileri nagtlaşdyrmagyň kynçylygy bilen düşündirýärler.

"Biz plastik kartlary kabul etmeýäris, sebäbi soň bank hasabymyzdaky puly nagtlaşdyryp bilmeýäris. Bankdan pul çykarmak gaty kyn. Üstesine, öz dükanymyza gerekli zatlary satyn aljak bolsak, bar ýerde diňe nagt görnüşde söwda edip bolýar. Biziň özümiz hem ähli zady nagt pula satyn alýarys. Häzir hiç kim plastik kartlar bilen zat satasy gelmeýär" diýip, maryly dükan eýesi gürrüň berdi.

Türkmenistanda nagt bolmadyk tölegleriň elýeterliligi ýyllarboýy örän gowşaklygyna galýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar özleriniň çykgynsyz ýagdaýdadygyny aýdýarlar.

"Biz plastik kartlardan söwda edip bilmejek bolsak, bize kart nämä gerek. Diňe ýangyç beketleri üçin ulanaýmasaň başga ýerde peýdasy ýok, hatda gaz, suw, elektrik togy hem kanalizasiýa töleglerini hem nagt görnüşde talap edýärler" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Ýurtda ilatyň aýlyk haklary, pensiýalary we kömek pullary 2017-nji ýyldan bäri bank hasaplaryna geçirilýär, emma puly nagtlaşdyrmak üçin mümkinçilikler ýyllarboýy örän çäkli bolmagyna galýar. Bankomatlarda köplenç ýeterlik nagt pul bolmaýar, adamlar pully bankomatlary gözläp, uly nobatlarda durmaly bolýarlar.

Şu günler Maryda puluny nagtlaşdyrmak üçin banklara barýan adamlar uly nobatlarda durmaly bolýarlar.

"Bizi beýdip ol bankdan beýleki banklara barmaga we puly nagtlaşdyrmaga mejbur etmän, öňküsi ýaly her edarada nagt pul paýlaýan kassir goýsalar gowy bolardy. Bu plastik kartlaryň geregi ýok, hiç ýerde söwda edip bolmaýar. Hatda polisiýa saklanda 'bize plastik kart gerek däl' diýip, jerimäni nagt görnüşde aljak bolýar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýene bir maryly aýdýar.

Birnäçe ýyllap dowam edýän bu kynçylyklaryň sebäplerini düşündirmeýän häkimiýetler ýagdaýa bankomatlardan çekip bolýan puluň mukdaryna çäklendirme girizmek we bankomatlaryň sanyny azaltmak ýaly çäreler bilen çemeleşýärler.

Geçen hepdede Lebap welaýatynda ýaşaýjylaryň nagt pul çekmek kynçylyklary güýçlendi. Türkmenabatda bankomatlaryň sany azaldy we galan sanlyja bankomatlaryň öňünde ýene-de nobatlar döredi.

Merkezi Bankyň websaýtyndaky resmi sanlara görä, häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça jemi 2141 bankomat bar, olaryň köpüsi Aşgabatda ýerleşýär.Resmi maglumatda-da bankomatlaryň sanynyň soňky ýyllarda azalandygy görkezilýär. 2020-nji ýylda 2198 bankomat bolan bolsa, 2024-nji ýylyň ýanwaryna çenli 53 sany bankomat ýok edilip, olaryň sany 2 145 ýetipdir.

Resmi maglumatda, şu ýylyň başyndan bäri ýurtda bankomatlaryň ýene 4 sanysynyň azalandygy görkezilýär.

Emma resmi maglumatda bankomatlaryň sanynyň azaldylmagynyň sebäpleri we bankomatlardaky pul gytçylygy agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Manat nagtlaşdyrmak kynlaşýar, Merkezi bank düşündiriş bermeýär
Gara bazarda dollar aşaklaýar, ýöne gymmat bahalar saklanýar
Türkmenbaşynyň bankomatlarynda ýene-de nagt pul ýok
Türkmenabatda bankomat sany azaldy, nobatlar köpeldi
Ýylyň jemleri 2024:  “Ösüş sanlaryna” garamazdan, durmuş kynçylyklary saklandy, raýdaş işjeňligi artdy
Türkmenistanda içerki bankomatlaryň sanynyň artmagy hasaba alyndy