Türkmenistanyň ýaşaýjylary, agyr ykdysady ýagdaý zerarly, iş gözleginde Azerbaýajana çykmaga çalyşýarlar diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” (АНТ) saýty habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenbaşy deňiz portunda Bakuwa gidýän paroma münmek üçin ägirt uly nobatlar döreýär. Adamlar gämä garaşyp, porta birnäçe gün garaşmaly bolýarlar.
Türkmen gämisiniň bilet bahasy 160 manat (dollaryň “gara bazar” nyrhynda $8,9). Emma bilet satyn almak üçin talon satyn almaly.
Resmi taýdan talon mugt. Emma, gämä münmek isleýänleriň aşa köplügi zerarly talonlar ýetmän başlady. Bu alyp-satarlaryň olary 500 manatdan satyp başlamaklaryna, ýagny bilet bahasyndan üç esse gymmat satmaklaryna alyp geldi.
“Araçylaryň köpüsini eýýäm jenaýatyň üstünde birnäçe gezek tussag etdiler. Emma, beýlekiler barybir bikanun söwdany dowam etdirýär. Sebäbi, bu örän düşewüntli iş” diýip, neşir Türkmenbaşynyň ýaşaýjylarynyň biriniň sözlerini sitirleýär.
Bakuwa Azerbaýjan gämisinde gitmek mümkinçilgi hem bar.Emma, bu gymmat düşýär. Sebäbi, daşary ýurt gämisi üçin bilet 60 dollar we diňe walýutada tölemeli.