Türkmenistanlylar aýalyny öldürmekde günälenýän öňki gazak ministriniň sud işine ünsli syn edýär

Türkmenistanlylar aýalyny öldürmekde günälenýän öňki gazak ministriniň sud işine ünsli syn edýär

Gazagystanda öz aýalyny öldürmekde aýyplanýan ozalky ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýewiň iş boýunça 27-nji martda başlanan sud dowam edýär. Aýalyna zulum etmekde aýyplanýan öňki resminiň işine türkmenistanlylaryň ençemesi üns bilen syn edýär. Metbugatda halkara habarlarynyň köpüsini çap etmeýän ýurtda-Türkmenistanda goňşy Gazagystandaky ýagdaýyň döreden reaksiýasy barada Azatlygyň habarçylary maglumat berýärler.

"Häzir Gazagystanda Bişimbaýewiň işine seredilýär, tutuş TikTok bu barada gürrüň edýär. Gazagystanda adamlar internetde wideolary ýerleşdirýär. Şeýle pajygaly ýagdaýlar bizde-de bar, emma bar zat ýaşyryn galýar. Eger zulum gören aýallar öz ýagdaýyny açyk aýtsa, olary ýazgarýarlar. " diýip, habarçymyz aýdýar.

Gazak prokurorlary ozalky ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýewi geçen noýabrda öz garyndaşlarynyň eýeçiligindäki bir restoranyň içinde, aýaly Saltanat Nukenowany ençeme sagatlap zalymlarça ýençmekde aýyplaýarlar. 31 ýaşly Nukenowa şol urgular sebäpli jan berdi.

Bu iş, Gazagystanda maşgaladaky zorluklar baradaky nägilelikleriň has artýan döwründe, jemgyýetçiligiň uly ünsüni çekdi. Gazagystanda her alty zenanyň biri, erkek ýoldaşlary tarapyndan fiziki sütemlere duçar edilýär.

Gazagystandaky ýagdaý türkmen jemgyýeti üçin örän täsirli bolup, kanunyň wezipeli we gurply adamlar babatynda hem işlemegi, şeýle-de aýallara görkezilýän sütem meselesini gozgady.

"Egerde Gazagystanda bolşy ýaly internet ulgamlarynda bu bolýan wakalar açyk goýberilse, birnäçe maşgalany urgudan gorap bolardy. Esasy ezýet çekdirýän adamlaryň pullaryna garaman, olara hem kanunyň ýöreýändigi bildirilse, olaryň öz maşgalasyny kösemesini bes etmegi ýa-da birnäçe ýyl tussaglykda saklansa, akylyna gelmegi ahmal" diýip, türkmenistandaky habarçymyz özi bilen gürrüňdeş bolan adamlary sitirleýär.

Geçen ýyl güýzde bolan we halkara derejesinde üns merkezine düşen bu ýagdaý barada türkmen metbugatynda ýekeje-de habar berilmedi.

Şeýle-de bolsa, türkmenistanlylar bu meseläni internetde we sosial media üsti bilen yzarlaýarlar.

Habarçymyzyň bellemegine görä, köpçülik görýän wideolary we okaýan maglumatlary barada öz aralarynda pikir alyşanlarynda Bişimbaýewiň öz aýalyny urup öldürendigi barada gazak jemgyýetindäki reaksiýalary, adamlaryň öz pikirlerini açyk beýan edip, diskusiýa edýändigini belleýärler we muny türkmen jemgyýetindäki ýagdaý bilen deňeşdirip, ýapyklygyň türkmen zenanlaryň problemasyny agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

"Türkmen jemgyýetinde aýrylyşýan maşgala kän, ýöne sesini çykaryp bilmän ezýet çekýän maşgala ondan hem kän. Türkmen halky öz pikirini aýdyp bilmeýär, sebäbi MHM tarapyndan soraglara çekilmekden gorkýar" diýip habarçymyz belleýär.

Gurply maşgalalaryň ençemesinde aýallarynyň ýagdaýynyň has-da agyrdygy, olaryň köplenç gorkuda ýaşaýandygy aýdylýar.

"Eger-de Bişimbaýew ýaly ady belli adamlaryň maşgalasynda sütemlilik bolsa, onda ol öýden hiç hili arz çykmaýar. Ol hili maşgalalaryň zenanlaryny gorkuda ýaşadýarlar. Olar öýden çykarylmaýar, dogan garyndaşlaryna ugradylmaýar. Gelinleri çäresiz galýar. Olaryn arz etjek ýerleri ýok, sebäbi ähli ýerde sülçi, sud, prokuratura pula satyn alynýar" diýip, türkmenistanly söhbetdeşleriň biri aýdýar.

Türkmenistanda aýal gyzlaryň ýagdaýlary barada öz görenlerini gürrüň berenleriň sözlerine görä, köplenç maşgalada bolýan sütemiň üsti açylsa süteme sezewar bolan zenan öz ýakynlary tarapyndan ýazgarylýar.

"Käbir halatlarda gelinleri urulýan wagtynda gaýyn eneler hem muňa göz ýumýarlar, hatda ogly gelnini uryp otyrka, goşulmak beýlede dursun, goh gutarýança daşarda gezelenç edýärler.Soňra gelnine 'oglumyň diýenini etseň urmazdy' diýýärler.

Gelinler öz ene-atalaryna çydamok indi aýrylyşjak diýseler 'çydajak bol, seni ekleýär' diýip gyzlaryny kabul etmeýärler.Urulýan zenanlar masgara bolmaýyn, diýip gizlenip ýörýär.Olaryň gidere ýerleri bolman, tä ölýänçä ezýet çekýärler" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşenleriň ýene biri aýdýar.

Urlup, keselhana düşýän zenanlaryň ýagdaýyna lukmanlar tarapyndan göz ýumulýar.

"Urgulardan her hili şikes alyp, hassahana düşýän gelinler özlerini ýoldaşlarynyň şol derejä ýetirendigini aýtmaýarlar. Lukmanlar urgudandygyny bilseler-de sesini çykarmaýarlar, biriniň maşgalasyna goşulmak aýyp diýlen düşünjä eýerýärler" diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.

Kanun goraýjylar hem ejir çeken zenany jezalandyryp bilýär.

"Urlup, arz edip barýan gelinlerden ilki bilen subutnama soralýar. Egerde ol subutnama berip bilmese, onda gelniň özüne ýalan töhmet atdyň diýip, jezalandyrylmak howpy abanýar. Jerime salynýar, ýa-da tussag edilýär. Egerde gelin-gyzyň baran ýeri özünden has baý bolsa, elinden çagalary alnyp, töhmet atmakda aýyplanýan we özleri günäkär edilýän mahallary kän" diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanly aýdýar.

Öz aýalyny öldürmekde aýyplanýan öňki gazak ministri 3-nji aprelde Astanadaky sud diňlenişiginiň çäginde özüniň günäsizdigini öňe sürdi. Kuandyk Bişimbaýew bolan ýagdaý barada öz wersiýasyny öňe sürdi we hiç kimi öldürmändigini, Nukenowanyň öz-özüne şikes ýetirendigini aýtdy.

"Ol deňagramlylygyny ýitirip, unitaza tarap agdarylyp başlady. Ol başda diwara baryp urdy, soňra ony eli bilen itip, unitaza ýüzi bilen ýykyldy. Ýöne urgy güýçli boldy, ol ýykyldy, onuň ýüzi baryp unitaza urdy we soňra ol ýere ýykyldy" diýip Bişimbaýew sudda atdy.

Şeýle-de onuň sözlerinden çen tutulsa, ol aýalynyň gana bulaşyp ýatandygyny görse-de tiz kömege jaň etmän, palça ýüzlenipdir we palçy oňa "Nukenowa gowy bolar" diýipdir.

Azatlyk Radiosynyň Astandaky habarçysy öňki ministriň özüni aklap, sudda eden bu çykyşynyň zalda oturanlarda şok döredendigi belledi.

Bişimbaýewiň günäsi subut edilse, oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner. Onuň aklawçylary müşderisine bildirilýän aýyplamalary tötanlikde adam öldürmek günäsine çalyşmaga synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar aýalyny öldürmekde günälenýän öňki gazak ministriniň sud işine ünsli syn edýär
Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tirannozawryň näbelli görnüşi
“Time” iň gowy 100 ýeriň sanawyny düzdi
Türkmen dzýudoçysy Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlaryny tamamlady