Türkmenistanly žurnalistler malaý kärdeşleri bilen pikir alyşdylar

Türkmenistanly žurnalistler malaý kärdeşleri bilen pikir alyşdylar

Ozal habar berşimiz ýaly, 18-19-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa resmi saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde bolan Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri saparyň çäklerinde Malaýziýanyň Milli habarlar agentligine (Bernama) baryp gördüler.

Türkmen wekiliýetini Bernamanyň baş redaktory Arul Raju Durar Raj mähirli garşylady. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän habarlar agentliginde alnyp barylýan işler, ol ýerde döredilen döwrebap mümkinçilikler hem-de malaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň häsiýetli aýratynlyklary dogrusynda gürrüň berdi. Hususan-da, ol öz ýurdunyň KHBS-lerinde Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen bagly habarlardyr makalalara gyzyklanmanyň uludygyny aýratyn nygtady.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary hem öz gezeginde şu gezekki duşuşygyň geljekde iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de olar duşuşygyň dowamynda habarlar agentliginde alnyp barylýan işler, işgärler üçin döredilýän şertler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut Buker baýragynyň ýeňijisi boldy
Buker edebiýat baýragyna dalaşgärleriň deslapky sanawy yglan edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
Iň kyn diller
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy