Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda yglan eden Gadymyýetden gözbaş alan nepislik atly bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bäsleşige hödürlenen işleriň sergisi guraldy, şeýle-de Döwlet muzeýiniň mejlisler zalynda Zergärçilik sungaty halkymyzyň gözellik zynaty ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata zergärler bilen birlikde muzeý işgärleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşik üç ugur boýunça geçirildi. Onda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Zenanlaryň milli şaý-sepleri atly birinji ugur boýunça öňdäki orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa, Bedewleriň bezeg şaýlary atly ikinji ugur boýunça Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Möwlamberdi Annaýew, şeýle-de

Döwrebap, dürli görnüşli şaý-sepler atly üçinji ugur boýunça Mary welaýatyndan zergär Atamyrat Hommadow birinji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Zer gadryny zergär biler
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2013-nji ýyldaky uçurymlaryň işleriniň sergisi açyldy
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Türkmen bedew atlarynyň taryhy
Miras Jewellery Täze ýyl mynasybetli aýratyn bezeg şaýlarynyň toplumyny hödürleýär