Weýrançylykly ýer titremesi zerarly Türkiýede we Siriýada ölenleriň sany 15 müňden geçdi.BSG-niň maglumatlaryna görä, ýer titremesi Türkiýede we Siriýada tas 23 million adama, şol sanda 1,4 million çaga täsir edip biler.
Harabalyklarda adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär, pidalaryň sany yzygiderli artýar.Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary sosial ulgamlar we adam hukuklary boýunça guramalary arkaly ölenler, dereksiz ýitenler we ýaralanan watandaşlar barada habar ýerleşdirýärler.
Türkiýede ejir çeken türkmenistanlylar barada resmi maglumat ýok.Azatlyk Radiosy ýer titresini başdan geçiren bir türkmen zenany bilen gürrüňdeş boldy.
Türkmenistanly 53 ýaşlaryndaky Merýemgül Baýmyradowa 6-njy fewralda Türkiýede ýer titremesi bolanda Kapadokiýanyň Newsehir şäherindedi. Ol bir günüň dowamynda bolan iki sany ýer titremesinde aman galdy. Onuň bolan jaýy, bagtyna, ýer titremesine çydap, ýumrulmady.
"Altysyna irden 04: 10-da oýanyp lustralaryň we düşekleriň hereketlenýändigini gördüm.Näme bolýandygyna düşünmedim. Ýerimden turanymda hemme ýerden üýtgeşik sesler eşidýärdi.Baryp, öý eýesiniň gyzyny oýandyrdym. 'Şu wagt ýer titremesi bolup dur' diýdim, 'ýöne gorkma diýdim'.
Ol hem ýerinden turdy. Ýer titremesi takmynan 3-4 minut dowam etdi.Telewizory açdyk.Türkiýede ýeriň yranandygyny bildik.Esli ýerleriň weýran bolandygyny eşitdik" diýip, Merýemgül atdy.
6-njy fewral gijesinde Türkiýede bolan güýji 7,8 ballyk ýer titremesiniň merkezi Gaziantep şäherinden 30 km we Siriýa bilen serhetden 90 km uzaklykda ýerleşýän Kahramanmaraş regionynda boldy. Türkiýede alty müňe golaý bina ýykyldy: şaýatlaryň sözlerine görä, köp sanly bina kartdan edilen ýaly aňstalyk bilen birden ýykylypdyr.
Merýemgül abat galan jaýyň ýaşaýjylarynyň bagtlydygyny, özleriniň aşa sowukda köçede galmandygyny aýtdy: “Köşeşenimizden soň daşary çykmak isledik. Ýöne gar ýagýardy we gaty sowukdy. Jaýymyz täze bolansoň, ýer titremä garşy durup bildi. Daşarda galan bolsak, näme ederdik, bilemok".
AFAD-yň habaryna görä, ilkinji ýer titremesinden soň jemi 435 sasgyn bolup, iň ulusy 6-njy fewralda günortan merkezi Elbistanda 7,6 ball güýjünde döräpdir.
Merýemgül bu ikinji gýçli ýer titremesiniň has erbet bolandygyny aýdýar: "Günortan sagat 13: 20-de ýer titremesi gaýtalandy. Bu gezek has erbet boldy. Hemme zat ilkinji gezekden has güýçli titreýärdi. Bu ahyrzaman diýip pikir etdi. Men muny kabul etdim. 5 minut dowam etdi. Emma Hudaýa şükür, hiç kim ýaralanmady".
Merýemgül özüniň we ýanyndaky ýakynlarynyň bagty çüwüp, aman galandygyna begenýär, ýöne beýleki şäherlerdäki tanyşlarynyň kyn ýagdaýa düşndigini aýdyp, aladalanýar: "Nargiza jaň etdi. Ölenleriň köpdügini aýtdy.Güýçli weýrançylyk bolupdyr.
Ol işleýän öýünde goňşy çagalaryň köçä çykandygyny, özüniň garry aýal bilen ýeke galandygyny aýtdy.Ol ony zordan çekip daşary çykarypdyr.Men oňa ýer titremesiniň ýene-de bolup biljekdigini aýtdym. Şonuň üçin jorap geýmegi, ýylyja geýinmegi maslahat berdim, ýorgan alyň we köçä çykyň diýdim.
Daşarda gar ýagýar, sowuklap bilersiň diýdim".
Merýemgül Baýmyradowa, öz bilşine görä, Malatýada we Adanada ýer titremesiniň gaty güýçli bolandygyny, güýçli weýrançylygyň we köp ölüm ýitgisiniň bardgyny aýtdy.
Merýemgül şeýle diýýär: "Biz gutuldyk. Emma Adana, Malatýanyň deportasiýa merkezlerinde saklanýan raýatlarymyza näme boldy? Olar hakda habar ýok" -diýip, türkmen zenany Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenýär: "Olary diňlemegiňizi haýyş edýärin. Olaryň nirededigini anyklaň. Halkyňyzyň aladasyny ediň. Indi bir öz raýatlaryňyzyň aladasyny ediň".
Bu aralykda adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" (THF), Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň ýer titremesinden ejir çeken türkmen raýatlaryna kömek bermegini sorap, meselä ünsi çekdi.
Habarda ýer titremesinde aman galan türkmen raýatynyň başdan geçirenleri habar berilýär.
"6-njy fewralda ýer titremesi wagtynda köçä ylgadym, üç gün bäri mende we goňşularymdan pena ýok.Jübimde bar bolan türk liralary düýn gutardy. Şäherde ne gyzgyn nahar, ne-de ýyly çadyrlar bar.
Häkimiýetler ýollaryň ýumrulandygyna we şäheriň üzňelikdedigine salgylanýar.Goňşularym bilen gije-gündiz bir goňşymyzyň, soňra başgasynyň awtoulagynda oturmaly bolýarys "- diýip, THF 8-nji fewralda çap eden maglumatynda Osmaniýa şäherinde ýaşaýan Nargiza Matýusupowany sitirleýär we soňra zenan bilen watandaşlarynyň habarlaşandygyny hem-de kömek berendigini ýazýar.
Habarda ýer titremesinde ölendigi aýdylýan türkmen raýatlary barada hem resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar bar, birnäçe adamyň atlary we şahsy maglumatlary görkezilýär.
8-nji fewralda Halk Maslakhatynyň başlygy, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna eden saparynda ejir çekenleriň arasynda öz raýatlarynyň bardygyny aýtdy. Emma Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çeken türkmen raýatlarynyň ykbaly barada başga resmi maglumat bolmady.
Döwlet habar beriş serişdelerinde ýurduň Türkiýä gumanitar kömegini iberjegi habar berildi.
8-nji fewralda Türkmen telewideniýesi ýer titremesi bilen baglanyşykly zerur kömegi bermek üçin Türkiýedäki türkmen raýatlary üçin gyssagly telefon liniýasynyň açylandygyny habar berdi.
Resmi habarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanalarynyň we Stambuldaky konsulhanasynyň telefon belgileri we e-poçta salgylary görkezilip, ýer titremesi bilen baglanyşykly kömek, maslahat we beýleki maglumatlary soramak üçin habarlaşyp bolýandygy aýdyldy.
Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň telefon belgisine ýakynlaryny gözläp jaň eden Azatlygyň çeşmesine "watandaşlara kömek bermek üçin 24 sagat işleýäris" diýlip, jogap berildi, ýöne haýsy kömegiň berilýändigi barada takyk jogap berilmedi. Şeýle-de, "ejir çekenleriň özleriniň ýüz tutmalydygy" we olara "zerur kömegiň beriljegi" aýyldy.
Jaňa jogap beren konsullyk işgäri ölenler we olaryň watanyna äkidilmegi baradaky soraga göni jogap bermedi, ýöne "garyndaşlaryna habar berilýändigini" aýtdy: “Garyndaşlaryna habar berildi. Hemmesiniň habary bar. Garyndaşlarynda habar bar, Türkmenistandakylarda-da, bärdäkilerde-de. Garyndaşlary bilip otyr, garyndaşlaryndan soraýyň".
6-njy fewralda Türkiýede bolan 7,8 ballyk ýer titremesi goňşy ýurtlarda Liwanda, Ermenistanda we Siriýada duýuldy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan häzirki ýer titremesiniň 1939-njy ýylda Erzinjanda bolan ýer titremesinden bäri ýurduň taryhyndaky iň uly betbagtçylykdygyny aýtdy. Çarşenbe günki çykyşynda türk prezidenti ýer titremesinden ejir çekenlere gyssagly kömek bermekdäki kemçilikleri boýun aldy.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.