Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy Billi Jin King kubogynyň Aziýa we Okeaniýa boýunça II sebitiniň saýlama ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndysyny ýeňdi. Duşuşyk Duşenbe şäherinde geçirildi.
Türkmenistanly zenan tennisçilerde ýekelikde-de, jübütleýin ýaryşda-da garşydaşlaryndan üstün çykdylar.
Merýem Muhammedowa Gülnozahon Ýahýaýewany 6:0, 6:0 hasaplary bilen ynamly ýeňdi. Atdaşlaryň duşuşygynda bolsa ildeşimiz Anastasiýa Azimbaýewa Anastasiýa Tursunowadan 6:3, 7:6 hasabynda üstün çykdy.
Bu iki tennisçi Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň kapitany, Aşgabat tennis klubynyň tälimçisi Mirali Gasanowyň şägirdidir.
Jübütleýin ýaryşda bolsa Aýşa Bikbulatowa bilen Rožan Garajaýewa täjigistanly jübütler Malika Rahimowa bilen Sumaýa Tuhtaýewany 6:0, 6:1 hasabynda ýeňdi.
B toparçada Türkmenistan bilen Täjigistandan daşary Pakistan bilen Mongoliýa hem bar.
Ugurdaş duşuşykda Mongoliýa Pakistany 3:0 hasabynda ýeňdi.
Türkmen ýygyndysynyň mongol tennisçiler bilen 23-nji awgustda duşuşar. 25-nji awgustdaky garşydaşlarymyz bolsa Pakistanyň ýygyndysy bolar.