Türkmenistanly zenan 116 ýaşyny doldurdy

Türkmenistanly zenan 116 ýaşyny doldurdy

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 116 ýaşyny doldurdy. Enäniň passportynda onuň doglan güni 1-nji ýanwar diýip görkezilen. Şonuň üçin-de, ol ýaş toýuny Täze ýyl bilen bilelikde belleýär. Bu barada Türkmenistan gazeti ýazýar.

Şu gezekki doglan gününde nurana enäni onuň çagalary, 43 sany agtygy, 96 sany çowlugy we 8 ýuwlugy bir saçaga jem bolup gutladylar.

Sarygül Mätiýewa 116 ýaşandygyna garamazdan, şadyýanlygy we keýpiçaglygy elden bermeýär. Ol özüniň uzak ýaşynyň syryny ýakynlarynyň ýanynda abadan we parahat durmuşda ömür sürendigi bilen baglanyşdyrýar.

Ýeri gelende bellesek, Sarygül Mätiýewa häzirki wagtda Daşgouz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Bagtyly obasynda ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň rekord ýaşly 5 zenany
"Turkmen.news": Ruslan Mätiýew, Aşgabadyň talaby bilen, Türkiýä goýberilmedi
Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Coddy programmirleme mekdebi RobloxStudio-da 3D modelirlemek boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar
HZG Türkmenistan boýunça synyna başlan mahaly, garaşsyz hukuk toparlary täze hasabat ýaýratdy
“Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly festiwaly