22-24-nji iýun günlerinde Özbegistanyň Çirçik şäherinde Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda (U17) Merkezi Aziýanyň açyk çempionaty geçirildi.Oňa Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň ýygyndy toparlary gatnaşdy.
Türkmen türgenleri bu ýaryşda 1 altyn, 11 kümüş we 3 bürünç medala eýe çykdylar.Has takygy, oglanlaryň arasynda 67 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Didarbek Jumabaýew silterläp götermekde 103 kilogram, itekläp götermekde 127 kilogram hem-de iki görnüşiň jemi boýunça 230 kilogram netije bilen üç kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle-de ýetginjek oglanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşan Galkan Rahmanow hem silterläp götermekde 120 kilogram, itekläp götermekde 145 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 265 kilogram görkeziji bilen üç kümüş medalyň eýesi boldy.
Ýetginjek gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda 45 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Şabnam Karimbaýewa silterläp götermekde kümüş (54 kg), itekläp götermekde altyn (65 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça hem kümüş (117 kg) medala mynasyp bolmagy başardy. Ýeri gelende, Şabnamyň uly altyn medala eýe çykan özbegistanly türgen bilen iki görnüşiň jemi boýunça deň netije görkezendigini, diňe şahsy agramda biraz agyrdygy sebäpli ikinji orun bilen çäklenmeli bolandygyny bellemek gerek.
Mundan başga-da, türkmenistanly ýetginjek gyzlardan 55 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Maýagözel Hurmenowa üç sany bürünç medala (silterläp götermekde 55 kilogram, itekläp götermekde 65 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 120 kilogram) hem-de 71 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşan Mähriban Täçmyradowa (silterläp götermekde 60 kilogram, itekläp götermekde 65 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 125 kilogram) üç sany kümüş medala mynasyp boldular.