Türkmenistanly ýetginjekler çalt oýnalýan küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular

Türkmenistanly ýetginjekler çalt oýnalýan küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular

Türkmenistanly türgenler Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) geçirilýän çalt oýnalýan küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky (20 ýaşa çenli) Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular.Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berdi.

7 tapgyrda geçirilen ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, her gatnaşyjynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen tutuş döwe 15 minut wagt berilýärdi.Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Hallynyýazow kümüş medal gazandy.

Ol 7 oýunda 5,5 utuk toplady.Hindistanly halkara derejeli ussat G.Harşawardhan hem şonça utuk gazandy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesine görä, birinji orny eýeledi.

Ýene bir türkmen türgeni — Aşgabadyň 117-nji mekdebiniň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň soňky tapgyrdan öň 5 utugy bardy, ol jemleýji tapgyrda Şri-Lankadan halkara derejeli ussat Da Silwany utsa, altyn medaly eýeläp biljekdi. Ýöne garşydaşynyň tejribesi köpräk bolansoň, türkmen küştçüsine ýeňiş gazanmak başartmady. Şeýlelikde, Amanmuhammet 40 türgeniň arasynda bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy Läle Şöhradowa hem ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.Zenanlaryň arasynda 36 küştçi baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi, türkmen türgeni bolsa şolaryň arasynda mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk gazandy.

Läle soňky tapgyrda gara mallar bilen oýnap, ýaryşyň çempiony, Gazagystana wekilçilik eden, zenanlaryň arasynda halkara derejeli ussat, Läle bilen duşuşmazdan ozal 100 göterim netije gazanan Zeýnep Soltanbekden üstün çykyp, bürünç medaly eýeledi. 6 utuk toplan Şri-Lankaly Gunawardana Dewindýa Oşini ikinji orna mynasyp boldy.

Indi nusgawy küşt boýunça 9 tapgyrda medallar toplumy ugrunda ýaryş geçiriler. Ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionaty 6-njy dekabrda blis ýaryşy bilen jemlener.

Ýene degişli makalalar

Ildeşlerimiz çalt küşt boýunça kümüş we bürünç medal eýelediler
Läle Şöhradowa küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenistanly küştçüler Günbatar Aziýanyň çempionatyny üç medal bilen tamamladylar
Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistanly okuwçylar küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ýene iki medal gazandylar
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti