Türkmenistanly ýetginjek şort-trekçiler Aziýanyň çagalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistanly ýetginjek şort-trekçiler Aziýanyň çagalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistanly ýetginjekler şort-trek bilen ýakyndan meşgullanýarlar. Ýaş türgenleriň esasy maksady geljek ýylyň 23-nji fewraly ― 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek Aziýanyň çagalary atly gyşky sport oýunlaryna gatnaşmak.

Şort-trek Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşleriniň biri. Muňa garamazdan, türgenleriň yhlasy olaryň tiz kämilleşjekdigini buşlaýar. Her gün Milli Olimpiýa sport köşgüne türgenleriň birnäçesi hut şort-trek bilen meşgullanmak üçin gelýärler.

Häzirki wagtda ýurtda buzly sport toplumlarynyň bäşisi bar. Olaryň iň ulusyna 10 müň tomaşaçy ýerleşýär. Şort-trek Türkmenistanda buz bilen bagly sport görnüşleriniň arasynda meşhurlygy boýunça hokkeýden we figuralaýyn typmakdan soňra üçünji orunda durýar.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Çoganlynyň, Şoruň we Garadamagyň köçelerini ýagyn suwlary basdy
Serdar Rahymow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Moldowada Dorin Reçanyň başlyklygynda täze hökümet tassyklandy
Türkmen alymlary topragyň şoruny azaltmagyň biologik usullaryny işläp düzdüler
Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'
Turkish Airlines noýabr-dekabr aýlary üçin Stambuldan Türkmenbaşa howa gatnawlary üçin awiapetekleriň satuwyna başlady, Türkmenostanyň Prezidenti Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny açdy