Türkmenistanyň stol tennisi boýunça çagalar ýygyndysynyň agzalary şu günler Hytaý halk Respublikasynyň hebeý welaýatynyň Çžendin şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.
Tejribeli tälimçiler Rawil Ahmedowyň hem-de Emir Garýagdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen türgenleri bu ýerde Hytaýdan bolan tennisçiler bilen bilelikde türgenleşýärler. Şol ýerde guraljak türgenleşik ýygnanyşyklaryň çäginde tehnikany ösdürmek, täze emelleridir tilsimleri öwrenmek hem-de oýun usullaryny özleşdirmek ýaly ugurlar bar.
Kiçi raketkanyň ýaş ussatlarynyň türgenleşikleri 23-nji iýula çenli dowam eder.