Şu ýyl opera sungatynyň ussatlarynyň biri, 19 asyr ýewropa saz medeniýetiniň ösüşine güýçli täsir eden italian kompozitory Joakkino Rossininiň aradan çykanyna 150 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň guran bilelikdäki konserti kompozitoryň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.
Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda bolan döredijilik agşamynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlygynda milli wokal mekdebiniň ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Rossininiň iň gowy operalaryndan bölekler ýaňlandy.
Saz agşamyna tanymal italýan dirižýory Daniele Ajiman bilen meşhur opera aýdymçysy Sandra Buongrasionyň gatnaşmagy nusgawy sungata sarpa goýýan saz muşdaklary üçin uly peşgeş boldy, olar Aşgabatda indi ikinji gezek çykyş etdiler.
Konsert Milanyň Juzeppe Werdi adyndaky Konserwatoriýasynyň professory Daniele Ajimanyň dirižýorlyk etmeginde ýurdumyzyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Rossininiň iň belli “Sewil dellegi” operasyna şadyýan we intonasiýalara baý Uwertýurasy bilen açyldy.
Konsertiň birinji bölüminde şu eserden şahyrana ariýalary tenor Nury Nuryýew (Almawiwanyň kawatinasy), Türkmenistanyň halk artisti, “altyn” bariton Atageldi Garýagdyýew (Figaronyň kawatinasy), ajap soprano owasly Žanna Saýan (Rozinanyň kawatinasy), şeýle hem Figaro bilen Rozinanyň aýdymyny Žanna Saýan bilen ýurdumyzyň at gazanan artisti, bariton Hasan Jumaýew ussatlarça ýerine ýetirdiler.
Birinji bölüm kompozitoryň seýrek ýerine ýetirilýän “Ogruja alahekge” opeasynyň belli prelýudiýasy bilen jemlendi.
Peskar şäheriniň Luiza D’Annunsio adyndaky Konserwatoriýasynyň professory Sandra Buongrasio konsertiň “Alžire baran italýan gözeli” operasyna bagyşlanan ikinji bölümini özüniň nepis we tenbrlere baý owazy bilen bezedi. Güýçli, nepis owazly aýdymçy Izabellanyň ariýalarynyň ikisini, bariton Aman Amangeldiýew bilen bilelikde bolsa, Izabellanyň we Taddeonuň duetini ýerine ýetirdi.
Agşam “Wilgelm Tell” operasyna Uwertýura we “Sewil delleginden” joşgunly terset bilen jemlendi. Ajaýyp kompozitor Rossininiň nepis owazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Daniele Ajimanyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalarynyň we aýdymçylaryň ussatlygyny tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.