96 ýaşly Türkmenistanyň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Tanýa Awakowa Russiýa Federasiýasynyň hem raýatlygyna kabul edildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Şu gün Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde ilkinji gezek raýatlyk baradaky täze kanunyň düzgünleri ulanyldy. 13-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkiniň karary bilen Tanýa Awakowa Russiýa raýatlygy berildi diýlip, habarda bellenilýär.
Weterana Russiýanyň pasporty we Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasy gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, TASS-yň ýazmagyna görä, Beýik Watançylyk urşy döwründe Tanýa Awakowa tylda zähmet çekipdir.Ol Aşgabatdaky egin-eşik fabrikleriniň birinde işläp, fronty zerur önümler bilen üpjün etmäge goşan goşýar. Şu ýyl weteran 96 ýaşady.