Türkmenistanly türgenler stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Gazagystanda geçiriljek ýaryşda çykyş ederler

27-nji iýuldan 30-njy iýula çenli aralykda Gazagystanyň Almaty şäherinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýetginjekleriň halkara ýaryşy geçiriler. Oňa Türkmenistandan dört türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Has takygy, bu halkara ýaryşda Dörtguly Allanazarow bilen Mekan Artykow 11 ýaşa, Ylýas Allanazarow 17 ýaşa, Atahan Pygyýew bolsa 13 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýaryşar.

Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler we çagalar ýygyndysynyň Hytaý Halk Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmenistan stol tennisi boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary