Türkmenistanyň ýygyndysy Alyş göreşi boýunça Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçen Aziýa çempiýonatynda 15 medal gazandy diýip “Türkmenistan:altyn asyra” salgylanyp hökümetiň tarapdary bolan maglumat neşiri ýazýar.
Eýrandan, Hindistandan,Mongoliýadan,Ýaponýadan, Türkmenistandan,Özbegistandan,Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen 270 sany türgen 24 komplekt medal üçin gyrgyz milli göreşiniň klassyky we erkin görnüşi boýunça bäsleşdiler.
Bu kontinentara oýunlar 21-23-nji maýda Oş şäherinde geçirildi.
Türkmen pälwanlary Alyş göreşiniň klassyky görnüşinde 8 medal, erkin görnüşinde 7 medal gazandylar. Soňky medallaryň 4-si altyn, 1 kümüş we 2-si bürünç.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 4 sany altyn medal alyp, öz toparynda birinji boldy.
Bu toparda Rozymyrat Medow (80 kilo çenli), Arslan Hojamberdiýew (90 kilo çenli), Daýanç Guwanjow (70 kilo çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kilodan gowrak) agramda bäsleşip, ýygynda üstünlik getirdiler.
Bellemeli zat, ahyrky üç pälwanyň hersi bäsleşikde iki medal gazandy. Bir gün owalky Alyş klassyky görnüşdäki ýaryşlarda Nurmuhammet Baýdogdyýew altyn, Arslan Hojamberdiýew kümüş we Daýanç Guwanjow bürünç aldy.
Zenanlar ýygyndysynda Alyşyň erkin görnüşinde Jemal Öwülýakulyýewa (70 kilo çenli) kümüş, Maral Garajykowa (60 kilo çenli) bürünç, Naziýa Joraýewa (75 kilo çenli) bürünç medal aldylar.
Bir gün öňki Alyş klassyky bäsleşiklerde Jemal Öwülýakulyýewa altyn, Naziýa Joraýewa bürünç gazandy.
Aziýa ýaryşlarynyň ýeňijilerine medallar, diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu bäsleşik şu ýylyň sentiýabrynda Türkiýäniň Iznik şäherinde geçiriljek Çarwa oýunlarynyň IV Bütindünýä ýaryşyna saýlama bäsleşiginiň ikinjisi bolup durýar diýip neşir habar berýär.The post Türkmenistanly türgenler Alyş göreşi boýunça Aziýa çempiýonatynda 15 medal gazandylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.