Türkmenistanly Toýçiýew Tokio-2020-däki çykyşyny 4-nji ýerde tamamlady

Türkmenistanly Toýçiýew Tokio-2020-däki çykyşyny 4-nji ýerde tamamlady

Türkmen agyr atletikaçysy Hojamuhammet Toýçiýew 109 kg-dan ýokary agram derejede agyr atletika boýunça Olimpiýa ýaryşynda dördünji orny eýeledi. Ol silterläp 184 kg we itekläp 230 kg agramy göterip, umumylykda 414 utuk gazandy.

Eminler maslahatlaşmadan soňra, türkmen türgeniniň her görnüşden bir synanyşygyny hasaba almadylar, bir gezekden bolsa Toýçiýewiň özi agramy alyp bilmedi. Şeýlelikde, türkmen türgeni iň golaýyndaky garşydaşyndan — Siriýanyň wekili Man Asaaddan 10 utuk yza galdy.

Kümüş medaly 441 utuk toplan Ali Dawudi eýeledi.Sportuň bu görnüşinde liderligi, gürrüňsiz, gruziýaly Laşa Talahadze eýeläp gelýär.Ol öz agram derejesinde özüniň öňki gazanan üç sepgidini geçip, birbada üç sany dünýä rekordyny goýdy.

Silterläp götermekde gruziýaly agyr atletikaçy 223 kg (öň 220), itekläp götermekde bolsa 265 kg (öň 264) agramy göterdi.Ikisiniň jemi boýunça Talahadze 488 kg toplady, bu hem dünýä rekordy bolup durýar. Şeýlelikde, Laşa Talahadze bäş ýyl mundan öň (2016) Rio-de-Žaneýrodaky oýunlarda gazanan Olimpiýa çempionlygyny goramagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Hojamuhammet Toýçyýew Olimpiýa medalyndan bir ädimlikde
Türkmenistanly talyp Türki halklaryň iň gowy talyby diýen ada mynasyp boldy
Bahreýnli agyr atletikaçy Aziýanyň çempionatynda iki rekord goýdy
Germaniýada metjide hüjüm guraldy
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy