Türkmenistanly topar Baş konsulhananyň öňünde ýenjilendiklerini aýdyp, jenaýat işiniň gozgalmagy barada arza berdiler

Türkmenistanly topar Baş konsulhananyň öňünde ýenjilendiklerini aýdyp, jenaýat işiniň gozgalmagy barada arza berdiler

Türk mediasynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanly topar öz ýurdynyň Stambuldaky Baş konsulhanasynyň öňünde onuň işgärleri tarapyndan ýenjilendiklerini aýdyp, jenaýat işiniň gozgalmagy barada arza berdiler.

Çaglaýan Kazyýet binasynyň öňünde beýannama beren aklawjy Gülden Sönmez sişenbe güni Türkmenistanly müşterileriniň Türkmenistanyň prezidentine ýazmaça ýüzlenme gowşurmak üçin konsulhana gidendiklerini aýtdy.

Olar konsulhana baranlarynda ýüzlenmede ýazylanlar barada gürrüň berendiklerini aýdan Sönmez konsulhana girmezden owal onuň işgärleridigi pikir etdigimiz topar tarapyndan yza itildik. Käbir müşterilerimiz ýenjildi. Biz Türkmenistanly işgärlere we olar bilen ilteşikli her kese garşy jenaýat işiniň gozgalmagy üçin geldik” diýdi.

Aklawjy Gülden Sönmez Türkmenistanly müşterileriniň Türkmenistanyň prezidentine ýetirmek isledikleri ýüzlenmede Türkiýede gaçgak durumyna düşendikleri we watanyna dolanmak isleýändikleri barada aýdylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanly Alyşir Şatow diňe dertlerini aýtmaga barandyklaryny aýdyp, “Hak-hukuklaryny talap edýänlere şular ýaly ýüzlenýärler. Biziň howa menzilinde garaşýan watandaşlarymyza kim eýe çykarka?” diýýär.

Iki çaganyň enesi Zarina Ahtýamowa hem özüniň çagalary bilen ýenjilendigini, diňe ýüzlenme gowşurmaga gidendiklerini we bu waka gatnaşygy bolanlaryň ählisinden şikaýatçydygyny aýdýar.

Ahmet Rahmanow bolsa, konsulhananyň howlusynda birdenkä daşlarynyň gurşalandygyny belläp, “Bir ýoldaşymyz bilen galmagal etdiler. Şol pursatda ünsümizi sowup, hüjüm etmäge başladylar. Käbirimiz çagalary we zenanlary goramaga çalyşanda, ýenjildiler” diýendigini türk mediasy ýazýar.

Bellesek, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal ýazmagyna görä, 16-njy awgustda Türkmenistanly aktiwistler konsulhana arkaly prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenme gowşurmak üçin Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna baranlarynda, gazaply ýenjildiler.

Aktiwistleriň biri, 38 ýaşly Atamyrat Saparow gazaply urlandygy üçin saglyk kömegine mätäçlik çekipdi.

The post Türkmenistanly topar Baş konsulhananyň öňünde ýenjilendiklerini aýdyp, jenaýat işiniň gozgalmagy barada arza berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Türki Döwletleriň Geňeşiniň Maslahaty
Daşoguzda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly açyldy
S7 Airlines Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, Germaniýa doly derejede Türkmenistanyň raýatlaryna wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy, Türkmenistana Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy geldi
Doganlyk halklaryň dostluk festiwaly
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi