Türkmenistanly tennisçi Hindistanda geçirilýän halkara ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy

Türkmenistanly tennisçi Hindistanda geçirilýän halkara ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy

25-nji maýda Hindistanyň Haýdarabat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatyna ― Asian 14&U Grade A halkara ýaryşyna badalga berildi. 1-nji iýuna çenli dowam etjek ýaryşa türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa hem gatnaşýar.

Miraly Gasanowyň şägirdiniň ýaryşa üstünlikli girişendigini aýratyn nygtamak gerek. Ol ýekelikdäki bäsleşikde 1/32 finaldaky garşydaşyny — hindi tennisçisi Sanidýu Karantudy 6:1, 6:2 hasabynda ýeňmegi başardy, bäsleşigiň 1/16 böleginde bolsa Hindistanyň wekilleriniň ýene birini — Jahnawi Tamminedi 6:1, 6:3 hasabynda ahmyrda goýdy. Bu ýeňişleri Ilimany ýaryşyň 1/8 finalyna çykardy.

Türkmen tennisçisi jübütleýin bäsleşikde hem şowly çykyş edýär. Ol hindi tennisçisi Karthiko Padmakumar bilen jübütlikde utgaşykly oýun görkezdi we ýarymfinala çykmagyň hötdesinden geldi.

Ýaryşa ABŞ-dan, Singapurdan, Tailanddan, Hytaý Taýpeýinden hem-de ýer eýeleri bolan Hindistandan tennisçi gyzlar gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaş tennisçiniň halkara üstünligi
Türkmenistanly tennisçi Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenistanly tennisçiler Malaýziýada Aziýanyň çempionatyna gatnaşýarlar
Türkmen tennisçisi Malaýziýadaky halkara ýaryşda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Ilima Guseýnowa tennis boýunça ýetginjekleriň (U-14) arasyndaky Aziýa çempionatynda ýarym finala çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy, Aşgabatda noýabr aýynda Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Hyzmatdaşlyk forumy geçiriler we beýleki habar