Türkmenistanly telekeçi ’Ethical Fashion Initiative’ taslamasyna gatnaşýar

Türkmenistanly telekeçi ’Ethical Fashion Initiative’ taslamasyna gatnaşýar

Türkmenistanly telekeçi Şasenem Garlyýewa 5-nji iýundan 12-nji iýun aralygynda Milanyň Alkowa galareýasynda geçirilýän ’Ethical Fashion Initiative’ (Etiki Moda Başlangyjy) (EFI) çäresinde “Iner Unique Camel Wool” brendli düýe ýüň önümleri bilen tanyşdyrýar.

EFI taslamasy Ýewropa Bileleşigi we UNESCO tarapyndan goldanylyp, onuň bu ýylky işine Merkezi Aziýanyň Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Telekeçi Şasenem Garlyýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine penşenbe güni beren beýanatyna görä, bu başlangyjyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň el işleri ugrunda iş alyp barýan telekeçileri “Kerwen syýahat” atly kolleksiýanyň üstünde işlediler.

Başlangyjyň çäklerinde sekiz aýyň dowamynda Merkezi Aziýanyň wekillerine halkara konsultantlar we dizaýnerler bilen dürli türgenleşik sapaklary geçirildi.

Bu taslamanyň esasy konsepsiýasy durnukly brend döretmekden, ýerli senetçiler bilen işleşmekden hem-de ýurtlaryň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçisi ýüň önümlerini Italiýa, Fransiýa, Niderlandlara eksport edip başlady
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
ÝUNESKO döredilýär
Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň direktory bilen duşuşyk
Türkmenistan at keselçiliginden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat aldy