Türkmenistanly taýboksçy türgen talyplar Samsun şäherinde (Türkiýe Respublikasy) geçirilýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä Kubogynda üç medal gazandylar. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysynyň bu ýaryşda gazanan medallarynyň sany 18-e ýetdi.
Türkmenistanyň taýboks boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Röwşen Hannyýew 57 kg agram derejesinde uly üstünlige ýetdi. Ol ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.
Şeýle üstünlige Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Bäşim Bäşimow hem 60 kg agram derejesindäki ýaryşda mynasyp boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň ýene biri Arab Ýegenow bolsa 86 kg agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi.