Türkmenistanly talyp Türki halklaryň iň gowy talyby diýen ada mynasyp boldy

Türkmenistanly talyp Türki halklaryň iň gowy talyby diýen ada mynasyp boldy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Dawut Döwletow Gazagystanda geçirilen abraýly bäsleşikde Türki halklaryň iň gowy talyby diýen ada mynasyp boldy. Bu bäsleşik Gazagystanyň Bilim-orkenieti atly milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralyp, türki halklaryň ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylary bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, Dawut Döwletow bäsleşige örän üstünlikli gatnaşdy. Onuň hödürlän materiallary sport, döredijilik we ylym boýunça gazanan üstünliklerini öz içine aldy. Bäsleşigiň eminler topary Dawudyň dzýudo we jiu-jitsu boýunça sport ýaryşlarynda gazanan diplomlaryna, poeziýa eserlerine, döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde gazanan medallaryna ýokary baha berdiler.

Meniň üçin Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek uly hormat. Bu ýeňiş meniň çeken zähmetimiň miwesi, maşgalamyň, mugallymlarym we dostlarymyň goldawynyň netijesidir diýip, Dawut ýeňşi bilen bagly pikirini paýlaşdy.

Ýene degişli makalalar

MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Germaniýada metjide hüjüm guraldy
Bahreýnli agyr atletikaçy Aziýanyň çempionatynda iki rekord goýdy
Türkmenistanyň ýaş alymlary Soçide geçirilen kongresse gatnaşdylar
Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar
HGI-de XXI asyrda diplomatiýanyň orny atly düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi