Türkmenistanly talyp rus dili boýunça geçirilen halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy

Türkmenistanly talyp rus dili boýunça geçirilen halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy

Saratowyň Döwlet milli gözleg uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň talyby, watandaşymyz Mekan Çaryýew daşary ýurtly talyplardyr okuwçylar üçin rus dili boýunça geçirilen Halkara onlaýn olimpiadasynyň 1-nji derejeli diplomynyň eýesi boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

Olimpiada geçen ýylyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti tarapyndan gurnaldy.

Gatnaşyjylar dürli görnüşli meseleleri ýerine ýetirmeli boldular. Olaryň arasynda rus diliniň söz baýlygy we grammatikasy, ýazgy bilen işleşmek, sowallara ýazmaça jogap bermek we beýleki çylşyrymly synaglar bar. Her bölüm aýratyn wagt ölçegi bilen çäklendirildi.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bäsleşige dünýäniň 150 ýurdundan jemi 9549 adam gatnaşdy.Has takygy birinji ýaş derejesinde (12 ― 16 ýaş) 4826, ikinji ýaş derejesinde (17 ― 30 ýaş) 4723 adam bäsleşdi. Şolardan 945 adam olimpiadanyň finalçysy boldy.

Olaryň 527-si mekdep okuwçylary, 418-si bolsa talyplardyr.Mundan ozal Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem bu bäsleşige gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Ukrainadan Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy
Tehnologiýa synag edildi
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Russiýanyň Prezidenti aşgabatly zähmet weteranyny 100 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň wekiliýeti Sur Ýary festiwalyna gatnaşdy
Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeli açyldy