Türkmenistanly taekwondoçylar Dünýä kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly taekwondoçylar Dünýä kubogyna gatnaşýarlar

Şu gün Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde taekwondo ITF boýunça GDA-nyň Açyk kubogy — Dünýä kubogy ― 2022 halkara ýaryşyna badalga berildi.

Ýaryşa gatnaşýan türkmen toparyna 13 türgen wekilçilik edýär. Şu gün türkmen ýygyndysynyň hatarynda zenan türgenler hem bar.

Türkmenistanly taekwondoçylar bu ýaryşda Aýdogdy Atabaýewiň tälimçiliginde çykyş edýärler. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Minskide boljak Maksat Babaýew ýaryşyň duşuşyklaryna eminlik eder. Türkmen toparyna ýurdumyzyň Taekwondo (ITF) boýunça milli federasiýasyndan Gaýgysyz Atabaýew ýolbaşçylyk edýär.

Düýn ýaryşa gatnaşjaklaryň agramlarynyň çekilişi guraldy. Şeýle-de eminlik we tälimçilik brifingleri geçirildi.

Ýaryş 11-nji dekabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly taekwondoçylar Belarusda geçirilen Dünýä kubogynda 10 medal gazandylar
Türkmenistanly taekwondoçylar dünýä çempionatynda iki medal gazandylar
Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 10 medal gazandy
Türkmenistanly taekwondoçylar Merkezi Aziýanyň birinji çempionatyna gatnaşar
Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
15.04.2018 | Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi