Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder

Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, aýdymçy Züleýha Kakaýewa, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň artisti Guwanç Ýazmämmedow, şeýle hem Näzli we Laçyn tans toparlary Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet we sungat ussatlarynyň Gala konsertinde ýurda wekilçilik eder. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Konsert 14-15-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler. Şeýle-de bu sammit bilen ugurdaşlykda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi hem-de beýleki ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýyldyz aýdymçylarynyň wideoklipleri Seulyň merkezindäki media ekeranda görkeziler
Ýyldyz aýdymçylara SMS arkaly ses bermeklik başlady
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi