Türkmenistanly sazandalar Dutaryň owazy gözden geçirilişiniň baýragyna mynasyp boldular

Türkmenistanly sazandalar Dutaryň owazy gözden geçirilişiniň baýragyna mynasyp boldular

Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy Sungatlar VI halkara gözden geçirilişiniň jemi jemledi. Bäsleşikde baýrak alanlaryň arasynda türkmenistanly sazandalar — skripkaçy Bahram Dolyýew bilen altçy, kirişli saz gurallary orkestriniň dirižýory Tahyr Ataýew we onuň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary bar.

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň muşdaklary köp. Türkmenistanda orkestr hyjuwly joşguny we repertuar saýlamakda batyrgaýlygy bilen tapawutlanýar. Bu dörediji toparynyň konsertleri hemişe tomaşaçylardan doly bolýar, şonuň üçinem Moskwa festiwalynyň emin agzalarynyň sazandalaryň zehinine mynasyp baha bermegi geň däldir.

Toparymyz halkara derejesindäki bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan ýüz adamyň arasynda biz öz ugrumyzyň hersinde solo-skripka, solo-alt, şeýle-de orkestrleriň arasynda ilkinji orny eýeläp, gowy netije gazandyk — diýip, Tahyr Ataýew gürrüň berýär.

Türkmen nusgawy sazlarynyň ýerine ýetirilmegi bäsleşigiň hökmany şertidi. Ildeşlerimiz, ozaly bilen, Nury Halmämmedowyň, şeýle hem kompozitor we Moskwa sungatlar halkara festiwalynyň art-direktory Mämmet Guseýnowyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Moskwada her ýyl geçirilýän sungatlar halkara festiwalynda ajaýyp türkmen kompozitorynyň adynyň dakylmagy tötänlik däldir.Nury Halmämmedow Dutaryň owazy eserini heniz P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň talyby wagty döredýär.

Ol milli medeniýetiň ösüşine güýçli täsir edip, özünden soň baý döredijilik mirasyny goýdy.Nury Halmämmedowyň eserleri diňe bir Watanynda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda-da ýerine ýetirilipdi we häzirem çalynýar.

Indi alty ýyl bäri Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy Moskwada Sungatlar halkara gözden geçirilişi tutuş dünýäden zehinli ýaş sazandalara uly sahnada öz döredijilik başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Saz bäsleşiginiň esasy maksatlarynyň bir hem — akademiki sazy wagyz etmek, dürli halklaryň medeniýetleriniň özara gatnaşygyny dikeltmekdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
Aşgabatda Mämmet Guseýnowyň iň gowy eserleri ýaňlanar
Bir konsertde ussat sazandalaryň üçüsi çykyş ederler
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi