Sambo boýunça Aziýanyň çempionatynyň üçünji gününde türkmenistanly türgenler medallaryň 12-sini gazandylar. Bu barada FIAS-yň resmi saýty habar berdi.
Türkmen türgenleriniň medal gaznasyny altyn medallaryň ýene biri, 3 kümüş we 8 sany bürünç medal doldurdy.
Altyn medaly sport sambosy boýunça 98 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Guwanç Begalyýew gazandy.
74 kilograma çenli agram derejesinde Begenç Baltaýew, 50 kilogramda Dinara Iwadullaýewa we 72 kilogramda Rano Uzakowa spor sambosy boýunça kümüş medallaryň eýeleri boldular.
Türkmen samboçylarynyň bürünç medallaryny bolsa Dinara Hallyýewa (65 kilograma çenli), Feride Mämmedowa (80 kilograma çenli), Maksuda Egemberdiýewa (80 kilogramdan ýokary), Muhammet Babekow (58 kilograma çenli), Muhammet Kössekow (64 kilograma çenli), Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli) we Nedir Allaberdiýew (88 kilograma çenli) dagylar gazandylar.
Şeýlelikde, Liwanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 22 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 5-si kümüş, 14-si bolsa bürünç medallardyr. Şol sanda türgenlerimiz üç günläp dowam eden ýaryşyň ilkinji gününde 5, ikinji gününde-de 5, üçünji gününde bolsa 12 medal gazandylar.
Yklym ýaryşyna 16 döwletden 260 türgeniň gatnaşandygyny ýatladýarys.