Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy

Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy

Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Altin Kalemler ady bilen her ýylda geçirilýän halkara edebiýat bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Ysmaýyl Muhammetdurdyýewiň hem Önce Vatan (Ilki Watan) atly eseri şygyr düzmek ugry boýunça degişli baýraga mynasyp görüldi. Şeýle halkara edebiýat bäsleşigine ýaş türkmenistanly awtoryň watançylyk mazmunly eserini hödürlemegi onuň mähriban Diýarymyza we ene topragymyza päk ruhy garaýyşynyň we egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr.

Ýeri gelende bellesek, bu şygyr bäsleşigine Türkiýeden, Germaniýadan, Özbegistandan we Türkmenistandan jemi elliden gowrak awtor, ýüzden gowrak şahyrana eseri bilen gatnaşdy.

Türkmenistanly ýaş awtoryň bu nobatdaky döredijilik üstünligi geçen ýyllarda ýurdumyz boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleriniň üstüni ýetirýär.

Y.Muhammetdurdyýew 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi şeýle-de 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň hem ýeňijisi bolupdy. Şeýle-de ýaş döredijilik wekiliniň 2018-nji ýylda Türkiýe we Özbegistan Respublikalarynda geçirilen halkara festiwala we medeni ugurly foruma hem işjeň gatnaşyp degişli guramalaryň hormat hatlaryna mynasyp bolandygyny agzamak bolar.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar
Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan
Kitap-täsinlikler dünýäsi