Türkmenistanly pedagoglar üçin niýetlenen saýt öz işine başlady

Türkmenistanly pedagoglar üçin niýetlenen saýt öz işine başlady

Türkmenistanda ýerli pedagoglaryň başarnyklaryny, iş tejribesini, döredijiligini, üstünliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek we paýlaşmak maksady bilen, täze saýt — www.tmpedagog.com.tm saýty döredildi. Bu saýt 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda öz işine başlady. Web saýtyň esaslandyryjysy pedagog, telekeçi Döwranguly Annagulyýew.

Mekdep pedagoglary üçin niýetlenen täze web sahypa öz içinde täzelikler, pedagogika, gollanma, döredijilik, söhbetdeşlik, bäsleşik, bildiriş bölümlerine bölünýär.Täzelikler bölüminde mugallymlaryň we olaryň taýýarlan okuwçylarynyň şäher, welaýat, döwlet, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri, geçirýän bilim-terbiýeçilik çäreleri bilen bagly täzelikler ýerleşdirilýär.

Pedagogikada mugallymlaryň iş tejribesi, adygan türkmen pedagoglarynyň ganatly sözleriniň ýygyndysy, baýry mugallymlaryň ýaş mugallymlara we ata-enelere peýdaly maslahatlary orun tutýar.Gollanma bölüminde usuly gollanmalardan tapawutlylykda bilim işgärlerine öz ulgamyndan daşary peýdaly gollanmalar ýerleşdirilýär.

Döredijilik bölüminde mugallymlaryň döreden görkezme esbaplary, şygyrlary, dürli mazmunly hekaýalary köpçülige tanyşdyrylýar.Söhbetdeşlik bölüminde uzak ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda zähmet çeken, mugallymçylyk kärinde uly üstünlikleri gazanan mugallymlar bilen, şeýle-de dürli kärde işleýänleriň ýa-da talyplaryň durmuşda hünär saýlap almaklaryna sebäp bolan mugallymlary barada gürrüň berýän söhbetdeşlikler ýerleşdirilýär.

Web sahypanyň bäsleşik bölüminde bilim, terbiýe we döredijilik ukybyny ösdürmek maksady bilen, dürli temalar boýunça saýt tarapyndan geçiriljek bäsleşikler ornuny tapýar.Bildiriş bölümi öz içinde üç bölüme bölünmek bilen, olarda degişlilikde dürli mazmunly bildirişler, gutlaglar, bäsleşikleriň yglanlary ýerleşdirilýär.

Bellemeli zat, türkmen pedagoglaryna niýetlenen ilkinji web saýt Tmpedagog taslamasynyň bir bölegi bolup durýar.Taslamanyň we saýtyň programmirleme hem-de bezeg işlerinde degişlilikde Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary Nurmuhammet Kurbanow, Bägül Şanurowa ýardam berýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen talyby R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp boldy
Režissýor Sapardurdy Annaýew Täze ýyl mynasybetli täze film surata düşürýär
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli film taýýarlanylýar