Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler

Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler

Türkmenistanly türgenler 2024-nji ýylyň bütin dowamynda halkara sahnasynda guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler. Hususan-da, ýylyň başyndan bäri MAMA boýunça türkmen pälwanlary ähli janköýerlerini begendiren netijeleri gazandylar.

Olaryň arasynda iň täzesi hökmünde 4-nji awgust güni Fight Night RDD Series ýaryşynda Eziz Penjiýewiň gazanan ajaýyp ýeňşini görklezip bileris. Türkmenistanly pälwan ikinji tapgyrda täjigistanly garşydaşy Nurali Jobirowy bogmak usuly bilen ýeňdi. Şeýlelikde, Penjiýew professional sport ýolundaky dördünji ýeňşini gazandy.

Şeýle üstünlikleriň başga-da birnäçe mysaly bar. Iýun aýynyň ortasynda K1 boýunça Türkmenistanyň çempiony Şazada Ataýew Ulýanowsk şäherinde geçirilen Fight Nights ýaryşynda russiýaly Andreý Baranowskini ýeňdi. Fewral aýynda bolsa sambo boýunça halkara derejeli sport ussady Abdulla Babaýewiň AMC Fight Night 123 ýaryşynda täjigistanly Abdulaziz Ýoldoşewi ýeňendigini ýatlamak gerek.

Elbetde, gürrüň türkmen pälwanlarynyň gazanýan üstünlikleri barada barýarka, Döwletjan Ýagşymyradowy hem ýatlap geçmek gerek. 13-nji aprelde Las Wegas şäherinde geçirilen PFL 2 ýaryşynda sloweniýaly Ýakob Nedony tehniki nokaut bilen ýeňen Döwletjan 22-nji iýunda ABŞ-da geçirilen PFL 5 ýaryşynda kamerunly Simon Biýongdan eminleriň gelen karary bilen üstün çykdy. Şeýlelikde, ol PFL-niň ýarymagyr agram derejesindäki Grand Pri ýaryşynyň pleý-ofllaryndaky ýerini berkitdi.

Bu maglumatlaryň üstüne Hursand Imankuliýewiň Moskwadaky Puls UP Boks ýaryşyndaky ajaýyp ýeňşini hem goşup bileris.

Georgiý ASLANÝAN.

Rus dilinden terjime eden

Agageldi ITALMAZOW.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Krouford nokaut bilen Porteri ýeňip, WBO-nyň çempionlyk adyny saklap galdy
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejede PFL-iň finalyna çykdy