Türkmenistanly okuwçylar halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

Türkmenistanly okuwçylar halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

Laçynlary we ýyrtyjy guşlary goramak boýunça halkara jemgyýetiniň Brýussel şäherinde ýerleşýän merkezi edarasy tarapyndan çagalaryň arasynda halkara surat bäsleşigi yglan edildi. Bu barada Neýtralnyý Turkmenistan gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň maksady iň gowy eserler bilen tematiki senenama döretmekden ybarat boldy.

Türkmenistanly çagalaryň çeken suratlarynyň ýygyndysy düzmek we olary halkara eminler toparyna ýollamak işi ýurdumyzyň Milli Elguşçylar jemgyýeti tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň netijelerine görä, şu gün neşir edilen senenamada iki watandaşymyz ― Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Döwran Pälwanowyň we Bibi Hojagulyýewanyň çeken suratlary ýerleşdirilipdir.

Döwran paýtagtymyzdaky 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy, Bibi bolsa 61-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýar.

Ýeňijileri gutlaýarys!

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Elguşly aw etmegiň däpleri we häzirki döwri
17-nji awgustda höwesjeňleriň aw möwsümi başlanýar
Halkara guşlar gününe bagyşlanan düşündiriş çäreleri
Awçylar we balykçylar jemgyýeti ýakyn geljege iş ugurlaryny kesgitledi
Türkmenistanda iň gowy awtoulag sürüjileri yglan edildi