Türkmenistanyň tennis boýunça oglanlar ýygyndysy şu gün Aşgabatda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda başlanan Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen girişdiler. Ol sebit ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny ýeňdiler.
Ýeri gelende, ýaryşda medallar ugrunda Merkezi Aziýanyň alty döwletiniň ― Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň ýaryşýandygyny ýatladýarys.
Oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistan ― Gyrgyzystan duşuşygynda korta ilkinji bolup, Aly Geldiýew bilen Alan Bogdanow çykdy.Duşuşykda türkmenistanly tennisçi garşydaşyny 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňdi.Ikinji duşuşykda bolsa başga bir türkmenistanly ýetginjek Süleýman Hudaýberdiýew gyrgyzystanly Maksim Kimi 6:0, 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Türkmen ýygyndysyna ýeňiş üçin ýekelikdäki duşuşyklaryň netijesi ýetik bolan hem bolsa, tennisçiler jübüteýin duşuşykda hem erjelligi elden bermediler. Şeýlelikde, Bazargeldi Amangeldiýew / Süleýman Hudaýberdiýew jübüti Alan Bogdanow / Maksim Kim jübütini 6:0, 6:3 hasabynda ýeňdi.
Bu netije bilen, türkmen ýygyndysy umumy ýaryşy 3:0 hasabynda öz haýryna jemlemegi başardy.
Türkmenistanly tennisçileriň indiki garşydaşy Owganystanyň ýygyndysy bolar. Türkmenistanly oglanlara ýurduň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiniň tälim berýändigini ýatladýarys.