Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler

Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze tehniki okuw esbaplary we laboratoriýa enjamlary bilen tanyşmak üçin Germaniýa bardy. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda institutyň täze toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýörite iş topary olary häzirki zaman okuw gurallary we enjamlary bilen üpjün eder. Nahal hojalyk jemgyýeti mugallymlara tehniki okuw esbaplary bilen üpjün etmegiň mümkinçiligini öwrenmek üçin Germaniýa sapar gurady.

Wekiliýet Phywe, G.U.N.T. Gerätebau GmbH we LD Didactic kompaniýalaryna baryp gördi. Ýörite hünärmenler kompaniýalaryň soňky gazananlaryny görkezdiler.

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini tehniki okuw esbaplary we laboratoriýa enjamlary bilen üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň howlularyndaky agaçlary çapmak gadagan edildi
Gazada ýene-de bir ysraýylly esger ýogaldy
Aýallarda ýatgy we göwüs düwünlerini anyklamaga gönükdirilip, ginekologiýa barlaglary geçirilýär
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady