Türkmenistanly mekdep okuwçysy küşt boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly mekdep okuwçysy küşt boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly Yhlas Narimanow küşt boýunça mekdepleriň arasyndaky toparlaýyn dünýä çempionatynda ýekelikdäki hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada ýurduň küşt federasiýasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy 12 ýaşa çenli küştçileriň arasynda ikinji tagtada çykyş etdi we performans-reýting oýun derejesini (87,5 %) görkezdi. Bu netije Y.Narimanowa ýaryşy aýratyn sanawda ikinji ýerde tamamlamaga mümkinçilik berdi.

Mekdepleriň arasyndaky toparlaýyn dünýä çempionaty Aktauda (Gazagystan) dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 350 töweregi mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

HAZAR DEŇZI DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK DEŇZI
Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Hazar deňzi dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
Türkmenistan Stambulda täze Baş konsulyny belledi
Türkmenistan Hazarüsti taslamasyny ilerledýär. Ekspertler Aşgabadyň Russiýadan alada galýandygyny’ aýdýar