Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Agabek Atajanow nahar taýýarlanylanda aşhanada emele gelÿän azyk galyndylaryny çüýretmegiň we ony organiki dökün hökmünde medeni ösümlikleri ösdürmekde peýdalanmagyň bähbitlidigini tejribeler arkaly ylmy nukdaýnazardan öwrendi. Bu barada Jeyhun.news saýty habar berdi.
Agabek Atajanowyň aýtmagyna görä, onuň tejribeleri esasynda alnan organiki dökün arzan we ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar.
Agabek Atajanow ylmy esasda geçiren tejribesi barada şeýle gürrüň berýär:
— Alan organiki dökünimizi zyýansyzlandyrmak maksady bilen oňa sogandan, sarymsakdan, ajy gyzyl burçdan we üzärlikden taýýarlan erginlerimizi yzygiderli sepip durduk. Taýýarlan dökünimiziň täsirini bilmek üçin ony iş ýüzünde synagdan geçirdik. Munuň üçin şu dökün sepilen we sepilmedik topragy saýladyk. Biziň dökünimiziň ulanylan ýerinde ekilen pomidoryň, bolgar burçunyň, noýbanyň, jöweniň ösüşi we hasylynyň möçberi görnetin tapawutly boldy.