Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan 24-nji iýul aralagynda Sankt-Peterburgda geçirilen 62-nji Halkara matematika olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldular.

Nagym Taňrygulyýew bilen Jennet Zamanowa 14 utuk, Muhammetmyrat Goçmyradow 12 utuk gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Didar Gaýypow bilen Emir Wellekow hormat hatyna mynasyp boldular. Toparyň hatarynda Hajymuhammet Ataýew hem bardy.

Baýraklaryň köpüsini Hytaýyň ýygyndysy eýeledi, Russiýa ikinji orna düşdi.

Bäsleşige gatnaşanlary Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Irina Potehina, Halkara matematika olimpiadasynyň prezidenti Jeff Smit, IMO 21 eminler toparynyň başlygy Nazar Agahanow, şeýle hem dünýä belli matematik, Fildiň Baýragynyň eýesi Stanislaw Smirnow gutladylar.

Irina Potehina: Häzirki wagtda täze koronawirus ýokanjyna garşy ýarag oýlap tapmakda matematika esasy orun tutýar - diýip nygtady.

Halkara matematika olimpiadasyna dünýä ýurtlarynyň 107-sinden 600-den gowrak okuwçynyň gelendigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Moskwada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda Modern atly sergi açylýar
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda köp sanly medallary gazandylar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany