Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Hytaýda geçirilen olimpiadada üstünlik gazandylar

Türkmenistanyň ýaş himiýaçylary 2126-njy aprel aralygynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki MDU-PPI rushytaý uniwersitetinde geçirilen himiýa boýunça 58-nji halkara Mendeleýew olimpiadasyna Aşgabatdaky S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedowyň ýolbaşçylygynda gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçylary Şatlyk Batyrow, Aýgül Atajanowa, Jeren Akmyradowa we şol mekdep-internatyň 10-njy synp okuwçysy Rüstem Jumaýew olimpiadada bürünç medallara eýe boldular. Bu barada HHM habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu olimpiada 26 ýurtdan 151 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Olimpiada gatnaşanlara berlen tabşyryklar, adatça, Bütindünýä himiýa olimpiadasynda berilýänlerden has kyn bolmak bilen, diňe nazary taýýarlygy däl, eýsem, toparlaýyn işlemek endigini we döredijilikli çemeleşmegi-de talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda medallara mynasyp boldular
Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi
Daşoguz welaýatynda kösükli we ýag alynýan ekinleriň bol hasyly ýygnaldy
Aşgabatdaky Rus öýi kwotanyň çäginde Russiýanyň ÝOM-larynda okamak boýunça seminarlara çagyrýar
5-nji oktýabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär
Aşgabatdaky Rus öýi Moskwa gününe bagyşlanan döredijilik sapagyny geçirer