Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap FLEX okuw maksatnamasyna gatnaşyp bilerler. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu Aşgabatda žurnalistler bilen bolan duşuşygyndan mälim etdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň aýtmagyna görä, bu okuw maksatnamasyna häzire çenli türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň 920-si gatnaşyp, onuň çäklerinde bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde ýokary synplarynda okamaga mümkinçilik aldylar. Ol şeýle-de, okuw maksatnamasynyň Covid-19 global pandemiýasy sebäpli wagtlaýyn togtadylandygyny belläp geçdi.