Şu ýylyň dekabr aýynyň 20 — 25-i aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan uzak aralykdan (onlaýn görnüşde) 1-nji halkara Lutfi Zade bäsleşigi geçirildi.Baku şäherinde matematika we informatika dersleri boýunça guralan bu bäsleşige 18 döwletden 158 okuwçy gatnaşdy.
Bu bäsleşige gatnaşan, Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-syndan düzülen saýlanan topara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.
Halkara bäsleşige gatnaşan zehinli okuwçylar üstünlikli çykyş edip, 4 kümüş, 1 bürünç, jemi 5 medala mynasyp boldular.Bäsleşikde matematika dersinden Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Orazmyrat Sähetmyradow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Zamanowa, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Abdulla Abdullaýew kümüş medala, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Emir Wellekow bürünç medala mynasyp boldular.
Informatika dersinden Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurbanberdi Gulladyýew kümüş medala mynasyp boldy.