Ýurdumyzyň wekilleri Rio-de-Žaneýroda geçirilen 58-nji Hlakara matematika olimpiadasyna gatnaşdylar, oňa Russiýa, ABŞ, Fransiýa, Ýaponiýa, Hytaý, Germaniýa, Polşa, Argentina, Portugaliýa, Belgiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Täze Zelandiýa we beýleki dünýä ýurtlarynyň 112-sinden 615 okuwçy gatnaşdy.
57-nji umumy bilim berýän orta mekdebiň we Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň ýokary synp okuwçylarynyň ýanynda matematika mugallymy Arslan Hojyýew bolýardy. Zehinli çagalar mekdebiniň mugallymynyň aýtmagyna görä, Braziliýada geçirilen ýaryşyň sowallary öte çylyrymlydy.
Ýaş türkmen matematikleri taglymaty bäsleşikleriň ikisinde gowy netije görkezip, bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldylar. Olar Jepbar Asgarow (Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep- internaty) we Resul Mämiýewdir (57-nji umumy bilim berýän orta mekdep). Akmyrat Tirkeşow, Rüstem Gurbandurdyýew, Rahman Agamyradow we Agamyrat Begenjow daga hormat hatlary berildi.
Okuwçylaryň aglabasy üçin ol halkara derejesinde ilkinji üstünlik däldir. Jepbar Asgarow eýýäm bäş baýrak eýeledi, olaryň ikisi kümüş sylagdyr. Resul Mämiýew 1 kümüş we 3 bürünç medalyň eýesi. Rahman Agamyradow üç bürünç, Agamyrat Begenjow bilen Akmyrat Tirkeşowyň hersi 1 bürünç baýragyň eýesi.
Däp bolşy ýaly, olimpiada gatnaşanlar üçin bu ýurt, braziliýalylaryň däpleri, milli aýratynlygy we durmuşy barada düşünjeleri artdyrýan medeni-gezelenç maksatnamalary guraldy. Ýaş eruditler Rio-de-Žaneýronyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar, 2014-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň aýgytlaýjy oýny geçirilen belli Marakana“ stadionyna baryp gördiler. Az wagtlygam bolsa, Anlantika ummanynyň kenarynda dynç almagy olaryň ýadyndan çykmajak waka öwrüldi.