Türkmenistanyň küşt boýunça ýetginjekler we 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy dünýäniň ýedi döwletinden 90-dan gowrak türgeni özünde jemlän Günbatar Aziýanyň çempionatynda üç medala mynasyp boldy. Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen halkara ýaryşda türkmen küştçüleri kümüş medallaryň ikisini we bir sany bürünç medal eýeläp bildiler.
Bu medallaryň ikisi küştüň çalt oýnalýan görnüşi boýunça gazanyldy. Has takygy, bu görnüş boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk toplap, diňe bir bäsdeşinden yza galdy we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Şeýle hem şu görnüş boýunça dänewli mekdep okuwçysy Lala Şöhradowa 5,5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy.
Şu görnüşden Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdebiň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň hem iň güýçli küştçüleriň bäşligine girendigini bellemek gerek.
Türkmen türgenleri üçünji medalyny küştüň blis görnüşi boýunça gazandylar. Bu gezek hem Lala Şöhradowa tapawutlanyp, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Gazanylan orunlar we ýokary netijeler bilen birlikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa hem wagt bilen ýaryşmakda iň güýçli küştçüleriň bäşligine girdi.
Şeýlelikde, ýetginjek we ýaş küştçülerimiz ilkinji gezek Günbatar Aziýaly bäsdeşleri bilen ýaryşyp gördüler. Muňa garamazdan, olaryň bäş gezek öňdäki bäşlige girip, üç medalyň eýesi bolmaklary diýseň ýokary netijedir. Çempionatyň guramaçylary tarapyndan hem türkmen küştçüleriniň başarnygyna ýokary baha berildi.