Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynda geçirilen Abdyş-Ata ― Kyrgyzaltyn duşuşygynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Abdyş-Atanyň köýnekçesini geýýän hüjümçi 70-nji minutda geçiren goly bilen toparyna ýeňşi getirdi.
Bu ýeňişden soň utugyny 30-a çykaran Abdyş-Ata birinji orundaky ýerini gorady. Topar ýaryş tertibindäki iň ýakyn bäsdeşi bolan Dordoýdan 5, Alaýdan bolsa 9 utuk öňde.
Süleýman Muhadowyň Abdyş-Atanyň duşuşyklarynda ilkinji gezek beýle hormata mynasyp bolmandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol Gyrgyzystanyň kubogynda hem toparynyň ýarymfinala çykmagyna sebäp bolupdy.