Türkmenistanly gyz Grasiýa International bäsleşiginiň final tapgyryna çykdy

Türkmenistanly gyz Grasiýa International bäsleşiginiň final tapgyryna çykdy

Belarus milli tehniki uniwersitetiniň binagärlik fakultetiniň talyby Jemal Ýusupowa Witebskde geçiriljek Grasiýa International bäsleşiginiň final tapgyryna çykdy. Ikinji gezek geçirilýän açyk bäsleşikde milli medeniýetler, döredijilik we gözellik esasy orna çykýar.

Bäsleşikde biziň ildeşimiz bilen birlikde Azerbaýjanyň, Belarusyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Kongonyň, Özbegistanyň, Şri-Lankanyň we Günorta Afrikanyň wekilleri hem finala çykdylar.

Milli medeniýetler, döredijilik we gözellik bäsleşiginiň finaly 18-nji martda Witebskiniň konsert zalynda geçiriler. Baş baýrak ugrundaky göreşde gyzlar aşpezlik endikleri, döredijilik, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we milli lybaslary görkezmek boýunça bäsleşerler.

Ýene degişli makalalar

Stambul Ýewropada iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edýär
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
General-maýor Bageri: Eýran-Orsýet gatnaşyklary çuňlaşmak we jebisleşmek ýolunda
Moskwa: Orsýet Eýran bilen harby hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr