Türkmenistanly geý özi barada gürrüň bermek we diskussiýa başlamak isleýär

Türkmenistanly geý özi barada gürrüň bermek we diskussiýa başlamak isleýär

Salam, meniň adym Kämil. Men geý. Men özümiň geýdigimi çagalykdan bäri bilýärin.

Biziň Kämil bilen tanyşlygymyz şondan başlandy. (Onuň ady üýtgedildi - red.) Ol käri boýunça kardiolog lukman. Minskiň medisina uniwersitetinde okady. 2018-nji ýylyň tomsunda öz ýurduna, Aşgabat şäherine dolanyp bardy. Häzir Aşgabadyň keselhanalarynyň birinde işleýär.

Kämil öz ýagdaýyny gürrüň bermek üçin Azatlyk Radiosyna gönüden ýüz tutan türkmenistanly seksual azlyklaryň (LGBT) birinji wekili. Türkmenistanda LGBT wekilleri babatynda kemsitmeleriň we zorluklaryň ýüze çykýandygy barada maglumatlar soňky ýylyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ençeme gezek gowuşypdy, emma biz bu maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip bildik. Şeýle kemsitmeleriň pidalary bilen habarlaşmak hem mümkin däldi.

MEN GEÝDIGIMI ÇAGALYKDAN BÄRI BILÝÄRIN

Kämil Azatlyk Radiosyna "çykmak", ýagny özüniň seksual azlyklaryň wekilidigini açyk mälim etmek maksady bilen ýüzlendi we ol şeýle ädim äden ilkinji türkmen geýidir.Ony şeýle ädimi ätmäge gomoseksuallygy jenaýat hasaplaýan Türkmenistanda LGBT azlyklaryna bolan çydamsyzlyk gatnaşygy we öz garyndaşlarynyň düşünmezligi mejbur edipdir.

Bellemeli ýeri, biz Kämil bilen üç hepde bäri gepleşýäris we bu döwrüň dowamynda ol söhbetdeşliklerde özi barada açyk gürrüň bermegiň dogrulygyny ençeme gezek şübhe astyna goýupdy, sebäbi Türkmenistandaky şertlerde bu onuň üçin örän howply bolup biler.

Ol her pursatda özünde nämeleriň bolup geçýändigini yzygiderli habar berip durdy we biz onuň şahsyýetini açyp-açmazlyk baradaky kararymyzy birnäçe gezek üýtgetdik.Emma onuň soňky günlerde başgan geçirenleri oňa gutarnykly karara gelmäge itergi berdi.

Biz Kämil bilen howpsuz kanallaryň biri arkaly habarlaşdyk, sebäbi ol öz ýakynlarynyň onuň bize ýüz tutandygyny bilip galmagyndan howatyrlandy. Şol messenger arkaly ol bize wideo ýazgysyny ýollap, dörän ýagdaýyň özi üçin näderejede çydamsyzdygy hakynda gürrüň berdi.

"Men çagalykdan bäri özümiň geýdigimi bilýärin we muny boýun almak maňa agyr düşdi.Men örän dinçi maşgalada kemala geldim.Mekdepden soň men Minske okuwa gitdim, medisina uniwersitetine girdim.

Minskde men erkinligi duýdum we özümi bolşum ýaly kabul edip başladym. 2018-nji ýylyň tomsunda men okuwymy tamamlap yzyma Türkmenistana geldim.Emma men mydama gitmek barada pikirlendim, sebäbi men ýalylara Türkmenistanda ýaşaýyş ýok.

Gaýdyp baranymdan soň men özümi ýeke duýdum we bir gezek men Internetde bir oglan bilen tanyşdym.Biz gepleşip başladyk, onlaýn gürrüňdeşliklerimizde ol örän ýakymlydy.Biz duşuşmak barada ylalaşdyk.

Emma men munuň nämä öwrüljegini göz öňüme getirip bilmändim", diýip Kämil gürrüň berýär.

Şol duşuşyk onuň üçin erbet bolup çykdy. Onuň bilen Internet arkaly gepleşen adam, şeýdip geýleri aldawa salýan polisiýanyň işgäri bolup çykdy. Sebäbi Türkmenistanda gomoseksuallyk şu çaka çenli kanun tarapyndan yzarlanýar.

"Biz duşuşygy agşam sagat 7 belledik, emma men baranymda ol ýerinde ýokdy. Men oňa jaň etdim, ol tiz geljegini aýtdy. Men garaşýan wagtym dermanhana baryp, öz doganym üçin derman aljak boldum. Meniň yzymdan raýat geýimli iki adam girdi, ellerime gol gandallaryny ildirdi we Hitrowka etrabyndaky polisiýa bölümine alyp bardylar" diýip, Kämil ýatlaýar.

DAÝYM MENI ÇYKARDY, GALANLARA NÄME BOLAR

Ony jenaýat yzarlamasyndan daýysynyň prezidentiň gorag gullugynda işleýändigi halas etdi. Emma alnyp gidilýänçä ony polisiýa bölüminde urdular we kemsitdiler.

"Polisiýa bölümine çenli ýolda meni awtoulagda ýençdiler we paýyş sözler bilen sögdiler.Baranymyzdan soň hem ýençmegi dowam etdirdiler.Elektroşoker ulandylar we meniň geýdigimi kameranyň öňünde boýun almagymyzy talap etdiler.

Olar telefonumy elimden aldylar we kontaktlary gördüler, meniň başgalar barada habar bermegimi talap etdiler, goýbermegi wada berdiler.Giç agşam sagat 11-den soň meniň telefonuma ýakynlarym jaň edip başlady.

Polisiýa işgärleriniň biri jogap berdi, jaň eden meniň kakamdy.Onuň dogany prezidentiň gorag gullugynda işleýär, olar meni alyp gitmek üçin bile geldiler.Daýymyň prezidentiň goragynda işlemegi meni halas etdi, emma gözenegiň aňrysyna düşýän men ýalylaryň ençemesi bar".

Haçan-da Kämiliň kakasy we daýysy ony alyp gidenlerinde, onuň tutuş bedeni agraýardy, aýratynam elektroşoker bilen urlan ýerleri gapyrgalarynyň töweregi. Emma garyndaşlary tarapyndan halas edilmegi, onuň kemsidilmegini soňlamady. "Öýe barýança ýol ugry meni dyngysyz kemsitdiler, indi ýakynlarym" diýip, ol ýatlaýar.

"Öýde täzeden gysyş başlandy. Kakam gygyryp başlady: "sen haramzada, seni bir ýerlere eltip soýup taşlasam gowy bolardy". Daýym we agalarym hem üstüme gygyrdylar meniň olary masgara edýändigimi aýdyp. Soňky hepdelerde meni molla gatnatdylar, meni doga bilen bejermek üçin, soň psihologa. Iň soňunda meni öýermek kararyna geldiler. Bu halys meni öldürdi" diýip, Kämil gürrüň berdi.

Kämiliň sözlerine görä, onuň seksual aýratynlygy barada häzir diňe kakasy, doganlary we daýysy bilýär. Emma Kämil özüni "paş etmek", ýagny özüniň geýdigini açyk aýtmak we öz mysalynda diskussiýa ýol açyp, türkmen jemgyýetinde seksual azlyklaryň wekilleri babatynda gatnaşyga gaýtadan seretmegiň zerurlygyny aýtmak isleýär.

"Hawa men geý.Men geýdigimi hemişe bilýärdim we öň bu maňa ejir çekdirýärdi.Emma soň men özümi bolşum ýaly kabul etmegi öwrendim.Meniň başga adamlardan hiç bir tapawudym ýok.

Emma indi daşymdaky adamlaryň gatnaşygy maňa ejir çekdirýär.Aýratynam ýakynlarymyň maňa düşünmezligi meni öldürýär. Şonuň üçin men hemmeleriň meniň hem adamdygymy bilmegini isleýärin, goý meniň maşgalam men barada bilsin.

Belki-de, şonda olar maňa we men ýalylara zarba bolýan oýlanyp tapan adatlaryndan, namysyndan el çekerler" diýip, Kämil aýdýar.

GAÇYP GUTULMAGA SYNANYŞYK

Bellemeli ýeri, biziň Kämil bilen tanyşanymyza iki hepde bolan hem bolsa, biz onuň ýagdaýy barada ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda habarly bolduk, emma şonda onuň özi bilen habarlaşyp bilmedik.

Onuň sözlerine görä, şonda ol öz ýakynlarynyň düşünmeýändigi sebäpli we ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan ýardam alyp bilmänsoň Stambula gidipdir.Emma ony şonda kakasynyň we daýysynyň hakyna tutan adamlary tapypdyr.

"Haçan-da, olar meni öýlendirmek üçin gyz tapanlarynda, başda men öwrenişerin diýip pikir etdim. Bar zat ene-atamyň isleýşi ýaly barýardy. Emma toýa taýýarlanyp başlanlarynda men şeýdip ýaşap bilmejegime we şol gyzy aldap bilmejegime göz düşündim. Men onuň durmuşyny zaýalap, ony bagtsyz ederin. Şonda men çäre görmeli diýen karara geldim" diýip, Kämil ýatlaýar.

Ol halkara guramalaryna ýüz tutmak kararyna geldi. Onuň pikirine görä kömek berip biljek ýeke-täk ýer Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilhanasydy.

"Ýanwar aýlarynda men ÝHHG-niň edarasyna bardym.Meni kabul etmegi soradym.Meniň ýanyma ýerli işgärleriň biri çykdy.Ol türkmendi we biz türkmençe gepleşdik.Ol özüni tanatmady we meniň näme isleýänimi sorady.

Men özüme kömek gerekdigini aýtdym we özüm barada gürrüň berdim.Meniň geýdigimi eşidensoň onuň ýüzi üýtgäp gitdi we ol meniň bilen gödek gepleşip başlady.Ol Türkmenistanda munuň üçin jenaýat jogapkärçiliginiň göz öňünde tutulýandygyny we özümiň türmä düşmändigime begenmelidigimi aýtdy" diýip, Kämil gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen habarlaşmaga we düşündiriş almaga synanyşdy, emma edaranyň resmi websaýtynda görkezilen telefon nomerleri jogap bermedi.

Kämil umytdan düşüp, hiç kime aýtman ýurtdan çykyp gitmek kararyna gelipdir.

"18-nji fewralda men Türkiýä gitdim we şol ýerde BMG-niň bosgunlaryň meseleleri boýunça wekilhanasyna ýüz tutmak isledim. Günüň ertesi meniň maşgalam Türkiýede adam tutup, meni tapdy. Ol Durdymyrat Annaýew atly türkmendi. Men onuň nirede işleýändigini takyk bilemok, emma mende onuň Türkmenistanyň ilçihanasy bilen ilteşiginiň bardygy hakynda pikir döredi.

Ol meni tapansoň haýbat atyp, meni Stambulyň aeroportuna barmaga we uçara münmäge mejbur etdi. Men öz ýakynlarym bilen telefon arkaly habarlaşdym we olar bar zadyň gowy boljagyny, meniň bilen gepleşmek isleýändigini we islesem gidip biljegimi wada berdiler. 20-nji fewralda men Aşgabada dolandym" diýip Kämil aýdýar.

TÜRKMENISTANDA TÜRMEDE ÝALY

Kämiliň ýurduna dolanmagyndan soň, onuň kakasy we häkimiýetlerde täsiri bolan daýysy ony ýurtdan çykmaz ýaly etdiler. Häzir ol ýurtdan çykyp bilmeýär, emma Türkmenistanda galmak we öz bolşy ýaly galmak Kämil üçin bir-birine gabat gelmeýän ýagdaýdyr. Ol Türkmenistanda özi barada açyk aýtmagyň howpludygyna göz ýetirýär, emma muňa garamazdan, ol bu kararyna gelip, problemany gozgamagy umyt edýär.

Biziň gürrüňdeşligimiziň dowam eden wagty soňky birnäçe günüň dowamynda oňa ýakynlarynyň, aýratynam kakasy we onuň dogany tarapyndan basyşlar güýçlendi.Türkmenistanyň prezidentiniň gorag gullugynda işleýän daýysy Kämili biziň gürrüňdeşlik döwrümizde azyndan iki gezek alyp gitdi we söhbetdeşlik geçirdi, onuň öz sözi bilen aýdylanda "akylyna getirmek" üçin. 17-nji oktýabrda Kämiliň daýysy ony alyp gidipdir, soraga çekipdir we urupdyr.

Kämiliň özi üçin tapylan gyza öz seksual aýratynlygy barada aýdyp, durmuşa çykmazlyga ündemegi muňa sebäp bolupdyr.

"Meniň Türkiýeden gelmegimden soň ýene-de öýlenmek barada gürrüň edip başladylar.Ikinji gezek ýene bir gyzy tapdylar.Hut şondan soň men size ýüz tutmak kararyna geldim.

Men öz ýakynlaryma öýlenmek islemeýändigimi düşündirmäge synanyşdym.Sebäbi bu birinjiden, bu gyz babatynda adalatsyz bolar, men kimdir biriniň durmuşyny bozmak islemeýärin. Öýlenmek meniň üçin durmuşymyň soňudyr. Şonuň üçin men Imo ulgamynda anonim hasap arkaly oňa ähli hakykaty aýtdym we maňa durmuşa çykmaga razylyk bermezligi maslahat berdim" diýip, Kämil aýdýar.

Gyz bu barada öz ene-atasyna, olaryň bolsa Kämiliň ene-atasyna aýtmagyndan soň, 17-nji oktýabrda daýysy ony alyp gidipdir we muny kimiň edendigini sorap, erbet ýenjipdir.

Kämiliň soňky habarlarynyň birinde şeýle diýilýär: "Mende erkinligiň boljagyny umyt edýärin, eger bolmasa, goý meniň ýagdaýym men ýalylaryň azatlygy ugrundaky ilkinji ädimi bolsun.Haýyş edýärin, bu problema barada geplemegi togtatmaň, men ýok bolsam, maňa näme bolandygyny gürrüň beriň.

Meniň daýymyň meni bu zatlary etmändigim, size hiç zady gürrüň bermändigim barada aýtmaga mejbur etmegi mümkin.Ol düýn gyza habary meniň ýetirmändigimi aýtmaga mejbur etdi.Meniň basyş astynda aýdyp biljek zatlaryma ynanmaň.

Biziň alyşan hatlarymyzy saklaň.Bu maşgala meni ýok edýär, goý tutuş älem olaryň nähilidigini bilsin.Sizden edýän haýyşymy berjaý ediň.Men barada gürrüň beriň".

Mundan bir ýyl öň Azatlyk Radiosyna ýurtda LGBT wekilleri babatyndaky zorluklar we ýowuzlyklar barada birnäçe habar gowuşypdy. Emma agzalýan wakalary tassyklaýan goşmaça maglumatlary alyp bolmansoň, biz bu habarlary çap etmekden saklandyk.

Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň arasynda galýar. Şeýle ýurtlaryň sany 60 çemesi we olar gitdigiçe azalýar. Öňki sowet ýurtlarynyň arasynda Türkmenistandan başga-da geýleri yzarlaýan ýene-täk ýurt goňşy Özbegistandyr. Beýleki postsowet ýurtlary jenaýat kodeksindäki bu maddadan esli wagt mundan öň el çekdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy ulanylmaga berildi
Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy
Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy